Ï Adam hukuklary gününe bagyşlanan wideo bäsleşigi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Adam hukuklary gününe bagyşlanan wideo bäsleşigi

view-icon 4238
Adam hukuklary gününe bagyşlanan wideo bäsleşigi

Her ýyl 10-njy dekabrda bellenilýän Adam hukuklary güni mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy ýaşlaryň arasynda wideo bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň maksady adam hukuklary baradaky düşünjäni artdyrmak bolan bu döredijilik ýaryşyň mowzugy – «Men adam hukuklaryna nähili düşünýärin?»

Oňa gatnaşmaga ýurdumyzyň döredijilikli hem öndürijilikli pikir ýöredýän we daş-töweregindäki dünýäni üýtgetmek isleýän 15-35 ýaş aralygyndaky raýatlary çagyrylýar. Her bir wideo işi, adamyň esasy hukuklary we azatlyklary taryhda ilkinji gezek ylalaşylan we yglan edilen 1948-nji ýyldaky Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň bir hukugyny açyp görkezmelidir.

Bäsleşige gatnaşýanlar bir minutlyk wideoşekili türkmen, iňlis ýa-da rus dillerinde «Meniň üçin adam hukuklary...» diýen jümläni tamamlamaly.

Işler 3-nji dekabra çenli undptm@gmail.com elektron poçta arkaly kabul edilýär. Ýeňijiler 9-njy dekabrda yglan ediler.

Adam hukuklary güni ilkinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Adam Hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy kabul edilenden soň, 1950-nji ýylda bellenip başlandy.

1948-nji ýyldaky Jarnama milleti, ýaşaýan ýeri, jynsy, gelip çykyşy, dili, dini ýa-da beýleki ýagdaýy babatynda hiç hili tapawut goýmazdan, dünýäniň islendik ýerindäki her bir adamyň hukuklaryny kepillendirýär.

«Eýsem, Ählumumy adam hukuklary nireden başlanýar? Öýüň ýanynda, dünýäniň hiç bir kartasynda görüp bolmaýan, şeýle ýakyn we kiçijik ýerlerden. Bu hukuklar ol ýerde bir mana eýe bolýançalar, her ýerde bolsalar-da, olaryň ähmiýeti az bolar» – diýip, Eleanor Ruzwelt bir döwürde aýdypdy.

Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy 500-den gowrak dile terjime edilmek bilen, häzirki wagtda dünýä halklarynyň dillerine terjime edilmekde birinji ýerde durýar, bu bolsa onuň ähliumumy häsiýetiniň aýdyň subutnamasydyr.