Ï Abiwerd galasyndan tapylan taryhy gymmatlyklar muzeýe tabşyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Abiwerd galasyndan tapylan taryhy gymmatlyklar muzeýe tabşyryldy

view-icon 3553
Abiwerd galasyndan tapylan taryhy gymmatlyklar muzeýe tabşyryldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Abiwerd galasynda ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklar bir böleginiň Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylyş dabarasy geçirildi.

Taryhy gymmatlyklar bilen tanyşdyrlyşa muzeýiň işgärleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa hem-de taryh we etnografiýa kafedralarynyň mugallymlary, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri, «Abiwerd» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşanlar Türkmenistanyň orta asyrlar taryhyna bagyşlanan belli bir derejede saklanyp galan gadymy binalara we arheologik gazuw işleriniň netijeleri barada gürrüň berýän fotosuratlara syn etdiler.

Abiwerd galasynda geçirilen bu gezekki arheologik möwsümiň dowamynda ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklar ozalky täsin tapyndylaryň üstüni ýetirdi. Olar Günorta Türkmenistanda, has takygy, Ahal welaýatynyň dag eteklerinde orta asyrlarda zergärçilikde we lukmançylykda giňden ulanylan simabyň önümçiliginiň ýola goýlandygyny subut edýär.

Abiwerd galasynyň hünärmentçilik toplumynyň meýdançasynda simap saklamaga niýetlenen keramiki gaplaryň abat galanlarynyň we bişirilende zeper ýetenleriniň 300-den gowragy tapyldy. Alymlaryň pikirine görä, küreler iki gatdan, ýagny aşakda ot ýakylýan ojakda we onuň üstünde ýerleşen küýze bişirilýän howurhanadan ybaratdyr. Küre ýeriň aşagynda ýerleşip, onuň ojagy tegelek görnüşde bolupdyr. Ýerasty küräniň beýikligi ýarym metre, giňligi 90 santimetre barabar bolupdyr. Güýçli ýalnyň netijesinde pejiň töweregindäki toprak gyzarypdyr.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli taryhy-medeni mirasymyzy içgin öwrenmek we gorap saklamak maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde taryhyň heniz açylmadyk sahypalaryny ýüze çykarmak boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär we olar öz oňyn netijelerini berýär.