Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

view-icon 3936

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Prezident Arif Alwi mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Pakistanyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan açyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ýokary baha berýändigini, öz tarapyndan soňky ýyllarda ösüşiň täze derejesine çykan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşýandygy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Pakistany Günorta Aziýanyň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde möhüm hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda abraýly halkara guramalardyr düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini belledi.

Prezident Arif Alwi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji müňýyllykda parahatçylygy üpjün etmegiň pugta binýadynyň döredilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň aýratyn wajypdygyny nygtady. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmek boýunça öňe sürýän teklipleri halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmeginiň bähbidine gönükdirýän tagallalarynyň ýokary baha mynasyp bolýandygyny alamatlandyrýar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Soňky ýyllarda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklar onuň oňyn binýadyny düzýär. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletara gatnaşyklaryň özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolmagynyň iki ýurda dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini nygtadylar.

Türkmenistanyň we Pakistanyň Liderleri döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, iri halkara taslama bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň üstünlikli dowam etdirilmegine taýýardyklaryny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu gaz geçirijiniň ugry boýunça elektroenergetika düzümini döretmek, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny, awtomobil we demir ýollary çekmek iki ýurduň halklarynyň bähbidine doly laýyk gelýär.

Şunuň bilen birlikde taraplar ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi barada aýdyp, olar boýunça bilelikdäki çäreleri guramagyň hem-de tejribe alyşmagyň wajypdygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda däp bolan dostlukly türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirip, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Arif Alwi iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Iki döwletiň senalary ýaňlanandan soň, Pakistanyň Baştutany özi üçin bellenilen kabulhana ugrady.