Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

view-icon 2527

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamini kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystanyň Hökümetiniň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Myhman mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanda Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna berilýän ähmiýeti nygtady we döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny hem-de sammitiň üstünlikli geçirilmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ähli gazak halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda iri halkara guramalardyr abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Öz gezeginde, Askar Mamin ýokary derejeli şu duşuşygyň guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän işjeň we netijeli ornuny, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň maksatlaryna kybap gelýän möhüm halkara başlangyçlaryny Gazagystanyň ähli babatda goldaýandygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar YHG-nyň XV sammitiniň gün tertibi boýunça pikir alyşdylar. Oňa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, dünýä we sebit ösüşleri bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystanyň Premýer-ministri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatda guralýan sammitiniň köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna, gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň birnäçesi boýunça mümkinçilikleri amala aşyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň şu ýylyň oktýabrynda Aşgabada bolan döwlet saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meselelerine, ulag-logistika, energetika ýaly strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine garaldy. Döwletara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemek babatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bar bolan mümkinçilikleri amala aşyrmagyň, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Milli Liderimiz we Gazagystanyň Hökümetiniň Baştutany goňşy ýurtlaryň bar bolan uly ykdysady we serişde kuwwatyny toplumlaýyn amala aşyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň möhüm ähmiýetini belläp, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň, şol sanda YHG-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, umuman, parahatçylygy, hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň esasy şerti hökmünde ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Iki ýurduň döwlet senalary ýaňlanandan soň, Gazagystanyň Hökümetiniň Baştutany özi üçin bellenilen kabulhana ugrady.