mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

view-icon 1485

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Husraw Noziri bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän sebit we ählumumy ugurlardaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýandygyny belledi.

YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasaty alyp barýandygyny we halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini aýratyn nygtady. Aşgabatda şunuň ýaly iri wekilçilikli forumyň geçirilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu gurama agza döwletleriň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmäge täzeçil çemeleşmeler hem-de ugurlar, Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça içgin pikir alyşmak üçin netijeli çärä öwrüler.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, halklaryň abadançylygynyň we ösüşiniň, sebitde parahatçylygyň hem-de rowaçlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen bilelikdäki wajyp taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýeleýän abraýly halkara ykdysady düzümiň ýolbaşçysyny görýändigine örän şatdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň YHG bilen hyzmatdaşlyga ähmiýet berýändigini hem-de türkmen tarapynyň bu gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi esasy ugur edinýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda sammitiň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Milli Liderimiz we myhman gazanylan ylalaşyklaryň, jemleýji resminamalaryň YHG-a agza döwletleriň arasynda sebitara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berjekdigini bellediler. Bu gatnaşyklar, ilkinji nobatda, söwda, maýa goýum, ulag we aragatnaşyk, energetika, ekologiýa, syýahatçylyk, durmuş ulgamy ýaly ugurlar boýunça ösdürilýär.

Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň we degişli Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň özenini düzdi.

YHG-nyň Baş sekretary ýurdumyzyň sebitara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahatlaryň çäklerinde, şol sanda bu guramanyň ХIV sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň häzirki döwür üçin wajypdygyna ünsi çekdi. Husraw Noziriniň belleýşi ýaly, şol teklipler sebitara we halkara ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, ählumumy gün tertibiniň meseleleri boýunça oýlanyşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň YHG-nyň giňişliginde netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän bilelikdäki işleriň amala aşyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini tutuş dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, netijeli gatnaşyklar üçin oňyn şertleri döretmek maksady bilen, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmak babatda ulanmaga çalyşýandygyny aýtdy.

Halkara düzümiň ýolbaşçysy netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, onuň täze mazmun bilen üstüniň ýetirilmegine goldaw bermäge gönükdirilen başlangyçlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň YHG-a başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýan bu gezekki sammitiň üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman Türkmenistanyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklap, onuň mundan beýläk-de özara bähbitli esasda giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.