Ï Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV Sammiti öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV Sammiti öz işine başlady

view-icon 2833

Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky Sammiti öz işine başlady.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-niň agzasydyr. Ýokary derejedäki bu duşuşyk paýtagtymyzda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Bu forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletara, sebit hem-de halkara düzümleriniň derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda abraýly gurama bolan YHG-niň düzüminde bu guramanyň agza döwletleriniň arasynda dürli pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, YHG-niň dünýä derejesinde ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär.

Bu gezekki Sammitiň milli senenamamyzyň şanly wakasy — döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň Merkezi banky Sammitiň geçirilmegi mynasybetli gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.