Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi

view-icon 2047
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi

27-nji noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Aşgabadyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Türkiýäniň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodasynyň gyrasynda Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi.

Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglanjyk we gyzjagaz türk Liderine duz-çörek hödür etdiler hem-de gül desselerini gowşurdylar.

Howa menzilinden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçileriň ugratmagynda Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdançasyna tarap ugrady.

...Ýokary derejede geçirilýän bu gezekki duşuşyk iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň köpasyrlyk ýylýazgysyna täze, wajyp sahypany ýazar. Şeýle-de ol taryhy taýdan umumy medeniýeti we ruhy däpleri bolan türkmen hem-de türk halklarynyň mizemez dost-doganlyk gatnaşyklary bilen berkidilen netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berer.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde we tutuş dünýäde durnuklylygyň, ösüşiň üpjün edilmegini nazarlaýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Gözbaşyny ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy onuň üstünlikli ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky özara düşünişmek, ynanyşmak, dostluk gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde okgunly ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rejep Taýyp Ärdoganyň aýratyn ünsi netijesinde döwletara gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar. Ýokary derejede guralýan özara saparlar Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygynyň, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açýar.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ösüş ýyllarynda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady döredildi. Ol ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyny özünde jemleýär. Oňa laýyklykda, tutuş sebitde durnuklylygy we gülläp ösüşi üpjün etmekde ägirt uly ähmiýeti bolan bilelikdäki wajyp taslamalaryň onlarçasy amala aşyryldy hem-de olaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär.

Özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Bilelikdäki hökümetara topara we Türkmen-türk işewürlik geňeşine, yzygiderli guralýan işewürlik maslahatlaryna hem-de sergilere möhüm orun degişlidir. Munuň özi gatnaşyklary mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aňladýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkiýäniň işewür toparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar we maýadarlar üçin zerur şertleri özünde jemleýän türkmen bazarynda netijeli işleri alyp barýarlar. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artmagy ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini alamatlandyrýar.

Umuman, bu gezekki ýokary derejede geçirilýän duşuşyk däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüler. Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň ösüşiniň möhüm ugurlaryny nazara almak bilen, bu gatnaşyklary giňeltmäge bolan özara gyzyklanmalaryň häzirki döwrüň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini bellemek gerek.

Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň awtoulag kerweni Garaşsyzlyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen mähirli görüşdi. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ýörite taýýarlanylan ýere geçdiler.

Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Soňra Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlandy.

Iki ýurduň Liderleri Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edýärler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşýarlar.

Dabaranyň ahyrynda Hormat garawuly rotasynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdançasy boýunça dabaraly ýöriş bilen geçdiler.

Belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni atly hormat eskortynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugrady.

 Köşgüň merkezi girelgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň türk kärdeşini mähirli garşylady.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, milli Liderimiz Türkiýäniň Baştutanyny ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin niýetlenen otaga çagyrdy. Bu ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmäge iberen çakylygyny kabul edendigi üçin türk Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belläp, ýokary derejede geçiriljek bu gezekki duşuşygyň iki doganlyk halkyň umumy taryhy köklerine we medeni-ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmäge çakylyk we bu ýerde mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine täze itergi bermäge gyzyklanmalaryny tassyklady.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň hem-de geljekki meýilnamalaryň çäklerinde türkmen-türk hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň güýçli depginde ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň umumy pikirine görä, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň şu günki ýokary derejesi iki doganlyk döwletiň birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem-de ony döwrüň talabyna we oňyn özgertmelere laýyklykda baýlaşdyrmaga bolan gyzyklanmalarynyň artmagy netijesinde amal boldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň eýeleýän möhüm ornuna üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň dürli pudaklarynyň, hususy düzümleriniň arasyndaky ähli gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň maksadalaýykdygy bellenildi. Taraplar döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, energetika, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlardaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtadylar.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi iki doganlyk halky baglanyşdyrýan taryhy, medeni we ruhy umumylygyň netijesidir. Ylym, bilim, medeniýet, sungat ugurlary boýunça gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalar barada-da aýdyldy.

Şeýle hem söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ikiçäk görnüşde geçirilen gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Anadolu agentliginiň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen Türkiýe Respublikasynyň Oba hojalyk we tokaýçylyk ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdep babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdebiň Tertipnamasyna; Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Protokol işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen duşuşygyň jemleri barada aýdyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana, Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna açyklyk, özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan beýläk-de özara hyzmatdaşlyk etmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça netijeli pikir alşyldy.

Biz türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin häsiýetini tassykladyk. Gatnaşyklarymyzy berkitmek, häzirki döwürde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini ýokary derejede açmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygymyzy beýan etdik diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek meselesine aýratyn üns berlendigi aýdyldy. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň halkara syýasatyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini bellemek gerek. Bu bolsa halkara giňişlikde biziň ýurtlarymyzyň üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki abraýly halkara guramalarda hereketlerimizi utgaşdyrmagyň tejribesi we özara goldaw bermek işi dowam etdiriler diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebit birleşmeleriniň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlyk etmeginiň möhümdigi barada aýdyp, ýakynda Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň başlangyçlarynyň taryhy ähmiýeti barada aýtdy. Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda gatnaşyklary dowam etmek ylalaşyldy.

Biziň ýurtlarymyz häzirki zamanyň ählumumy howplaryna — halkara terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy netijeli göreşmek maksady bilen, anyk ugurlarda gatnaşyklary dowam ederler. Olar ikitaraplaýyn derejede we halkara guramalaryň çäklerinde amala aşyrylar diýip, milli Liderimiz belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ünsüni Türkmenistanyň we Türkiýäniň Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak işinde utgaşykly hereketi dowam etjekdigine çekdi. Iki döwlet bu ýurduň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny dikeltmek boýunça tagallalary goldarlar. Owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermegi dowam ederler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Türkiýäniň gatnaşyklarynda strategik ugur bolup durýandygyny belläp, ýurtlarymyzyň çäklerinden geçýän Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek işinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek we tagallalarymyzy utgaşdyrmak barada ylalaşylandygyny aýtdy. Gürrüň, hususan-da, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe geçelgesi barada barýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde port üpjünçilik ulgamyny, ilkinji nobatda, Hazar we Gara deňiz sebitleriniň arasynda netijeli ulag gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny ulanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmekde halkara bazarlara, şol sanda Ýewropa ugruna energiýa serişdelerini ibermekde köpugurly ulgamy döretmek boýunça tagallalary güýçlendirmek barada ylalaşyklar gazanyldy. Şu ýerde energetika howpsuzlygyny ählumumy üpjün etmegiň aýgytlaýjy şerti hökmünde Türkmenistanyň we Türkiýäniň energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin çykyş edýändigi möhüm bolup durýar.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň yzygiderli gyzyklanma bildirilýän we özara bähbitli söwda hyzmatdaşlygynyň häsiýeti bellenildi. Bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge özara taýýarlyk tassyklanyldy. Işewürlik düzümleriniň işine mundan beýläk-de goldaw bermäge, maýa goýum hyzmatdaşlygyny höweslendirmäge gyzyklanmalar beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga aýratyn orun berlendigini belläp, bu ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, iki ýurduň medeniýet işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary höweslendirmäge, Medeniýet günlerini her ýyl nobatma-nobat geçirmäge, ylym we bilim ulgamynda, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli ylalaşyklaryň gazanylandygyny nygtady.

Umuman, bu sapar Türkiýe Respublikasynyň biziň üçin doganlyk ýurt, ynamdar dost, jogapkärli we ak ýürekli hyzmatdaş bolup durýandygyny tassyklady diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz türkmen döwletiniň bitarap daşary syýasy ugruny, ählumumy ösüşiň möhüm meseleleri boýunça halkara başlangyçlarymyzy yzygiderli goldaýandygy üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Türkmenistanyň hem Türkiýäniň ähli netijeli başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga şahsy üns berýändigi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz saparyň netijelerine kanagatlanma bildirýändigini, şu gün gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň hiline ýokary baha berýändigini nygtady.

Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy uzak möhletleýin geljekde ýakyn we köpugurly hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyny we eýerýändigini ýene-de bir gezek görkezdiler. Bu biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär, olaryň abadançylygyna hem-de ösüşine hyzmat edýär. Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmäge uly goşant goşýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda doganlyk türk halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijeleri barada aýdyp, bildirilen myhmansöýerlik we netijeli işleşmek ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin türkmen kärdeşine hoşallyk bildirip, şu günki gepleşikleriň jemleriniň iki doganlyk halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrjakdygyna, döwletara gatnaşyklary täze belentlige çykarmak üçin uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Baştutany gepleşikleriň jemine kanagatlanma bildirip, döwlet sapary bilen taryhy ata Watany bolan Türkmenistana gelmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şu ýyl bellenilen 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de Türkiýäniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden döwletdigini, Aşgabatda ilçihanasyny açan ilkinji ýurtdugyny aýratyn nygtady.

Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi we Bitaraplyk ýörelgesinden gelip çykýan daşary syýasaty halkara derejede giň goldawa eýe bolýar. Türk Lideri çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Stambulda geçirilen sammitine gatnaşmagynyň hem-de Türkmenistana bu guramada synçy döwlet derejesiniň berilmeginiň forumyň ähmiýetini artdyrandygyny nygtady.

Şeýle hem Rejep Taýyp Ärdogan bu gezekki ikitaraplaýyn gepleşikleriň Türkmenistanyň ajaýyp paýtagtynda YHG-nyň sammitiniň geçirilýän wagtyna gabat gelendigini belläp, bu forumyň sebitara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Şeýle-de ulag-aragatnaşyk, energetika we beýleki ugurlardaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Türk Lideri ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň wajypdygyny belläp, medeniýet, ylym we bilim, ýaşlar syýasaty, sport ugurlary boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Belent mertebeli myhman bu günki gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň we iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň berkidilmegine, hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bildirilen myhmansöýerlik üçin milli Liderimize ýene bir ýola hoşallyk bildirip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan sözüni jemledi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Milli Liderimiz belent mertebeli myhmana, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň giňden bellenilendigini aýtdy. Geçen döwrüň içinde biz milli ykdysadyýetimiziň depginli ösýändiginiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanýandygynyň we Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygynyň şaýady bolduk. Bu ýetilen sepgitler Türkmenistanyň saýlap alan Bitaraplyk syýasy ugry bilen hem berk baglydyr. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine üýtgewsiz eýerip gelýär. Biz köp sanly döwletler hem-de abraýly halkara guramalar bilen parahatçylygy we ählumumy ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen giň hyzmatdaşlygy alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkiýe Respublikasy bilen ýola goýlan strategik we uzak möhletleýin gatnaşyklarymyzy ösdürmek bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Özara hormat goýmaga, açyklyga we birek-birege ýakyndan goldaw bermäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde dürli ugurlar boýunça ösdürilýändigini aýratyn bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumy taryhyň, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň doganlyk türkmen we türk halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýändigini aýdyp, ýurdumyzyň wagtyň synagyndan geçen türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz gadymy türkmen topragynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň uly hormat bilen kabul edilendigini aýdyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň görnükli syýasatçy hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýandygyny aýtdy. Ol özüniň ýadawsyz zähmeti we ýokary ýolbaşçylyk ukyby bilen diňe bir Türkiýäniň öňe gitmeginde däl, eýsem, halkara derejede parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde hem uly işleri bitirdi.

Biz Rejep Taýyp Ärdoganyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge aýratyn ünsüne we şahsy goşandyna ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de şu gün geçirilen türkmen-türk gepleşikleriniň netijeleriniň doganlyk iki döwletiň hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga we many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýän möhüm tapgyr bolup durýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistana ýardam bermekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda çözgüde gelindi.

Hormatly Prezidentimiz türk kärdeşini mynasyp bolan bu ýokary sylagy bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, doganlyk türk halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüşi arzuw etdi.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, milli Liderimiz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordenini gowşurdy.

Belent mertebeli myhman bildirilen hormat üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu çözgüdi hem-de sylagy iki doganlyk halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň we biziň ýurtlarymyzy mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmaga, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga bolan özara gyzyklanmalaryň aýdyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady.

Bu orden ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin örän uly jogapkärçilikdir. Men bu hormatly sylagy çuňňur hoşallyk we buýsanç duýgusy bilen kabul edýärin diýip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan belledi we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Türkiýäniň Baştutany ýokary döwlet sylagynyň gowşurylandygy üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Türkiýe Respublikasynyň Baştutanynyň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.