mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

view-icon 2166

Şu gün paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy boldy.

Iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, köpasyrlyk dostluk hem-de türkmen we özbek halklarynyň taryhy umumylygyna, medeniýetine, ýyl-ýyldan täze many-mazmuna eýe bolýan, özara ynam esasynda guralýan köpugurly döwletara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmek bilen, halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändigini nobatdaky gezek görkezdi, muňa iri halkara düzümiň şu gezekki sammitiniň Aşgabatda geçirilmegi hem şaýatlyk edýär, bu forum YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has giň syýasy we ykdysady sepgitlere çykarmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň Baştutany sammitiň ýokary derejede guralýandygy, dünýä halklarynyň jebisleşmegine, şeýle hem bu gurama gatnaşyjy ýurtlaryň köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ägirt uly şahsy goşant goşýandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi. Şunda halkara guramalaryň, şol sanda YHG-nyň çäklerinde sebit hem-de dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň täze çemeleşmelerini, görnüşlerini gözlemäge we durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berilýär.

YHG-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk durnuklylygy saklamagyň, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegiň täsirli guralydyr. Türkmenistan hem-de Özbegistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek bilen, dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny görkezýärler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň 4-5-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatynda döwletara gatnaşyklaryň oňyn depginini bellediler, şol ylalaşyklar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze sepgitlere çykmaga mümkinçilik berdi.

Özara söwdanyň giňeldilmegi hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmagy, dürli pudaklarda senagat taýdan goşulyşmagyň ösdürilmegi hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ulag ulgamynda, üstaşyr geçelgeleri ösdürmekde hereketleri çuňlaşdyrmak özara ykdysady bähbitlere laýyk gelýän möhüm ugurlar bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dürli derejelerde, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berildi, iki goňşy ýurduň halklarynyň arasynda taryhy taýdan kemala gelen medeni we ruhy umumylyklar onuň binýadyny düzýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri YHG-nyň şu gezekki sammitiniň çäklerinde geçirilýän duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine goşmaça itergi berjekdigine hem-de sebitde özara ynanyşmak ýagdaýyny döretmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanandan soň, Özbegistanyň Baştutany Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň geçirilýän ýeri bolan köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” oteline ugrady.