Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

view-icon 2669

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bu gatnaşyklaryň ygtybarly binýadyny emele getirýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklara hemişe uly sarpa goýýar, geljekde-de gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny, medeni we taryhy umumylygy, parahatçylyk, döredijilik hem-de ynsanperwerlik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylyk bilen baglylykda, türkmen we azerbaýjan halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy ugur edinýär.

Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň birnäçe meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny nygtap, goňşy ýurtlaryň tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, mundan beýläk-de has ýakyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Liderleri şu ýyl YHG-da Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda geçirilýän hem-de gatnaşyjy döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we umuman, häzirki döwrüň gün tertibiniň meselelerini çözmek babatynda mundan beýläk-de özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen YHG-nyň sammitiniň aýratyn ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşler şu gezekki duşuşygyň ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça oňyn netijeleri hem-de täze başlangyçlary getirjekdigine ynam bildirdiler. Taraplar türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda onuň okgunly häsiýetine, ýetirilen derejesine ýokary baha berdiler hem-de dürli ulgamlarda, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzindäki iri “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça örän amatly guryýer we deňiz ugurlaryny hem-de şolaryň halkara ulag düzümlerine goşulyşmagyny üpjün edýän yklymüsti üstaşyr ulag geçelgelerini kemala getirmek ugrunda taslamalary durmuşa geçirmekde goňşy döwletleriň tagallalarynyň netijeli birleşdirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşmagyň dowamynda dürli derejelerde gazanylan ylalaşyklary üstünlikli amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň işine oňyn baha berildi.

Döwlet Baştutanlary Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny saklamak babatynda garaýyşlaryň umumylygyny, Hazarýaka ýurtlaryň degişli edaralarynyň yzygiderli geçirýän duşuşyklarynyň hem-de bu täsin suw howdanynyň biologik köpdürlüligini goramaga aýawly garamak boýunça guralýan geňeşmeleriň netijeliligini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Şonuň bilen birlikde däp bolan ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň, bilim, ylym we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň, türkmen-azerbaýjan dostluk ýörelgeleriniň berkidilmegine ýardam berýän bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesiniň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Ilham Aliýew Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlyk halklarynyň bähbitlerine netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegi ugur edinýändiklerini beýan etdiler.

Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanandan soň, Azerbaýjanyň Baştutany Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň geçirilýän ýeri bolan köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” oteline ugrady.