Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlaryny owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermäge çagyrdy.
Milli Liderimiz bu çagyryş bilen Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammitinde çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz Owganystanyň ykdysady işlere işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtady, şeýlelik-de, bu ýurt hereket edýän subýekte, ykdysady hyzmatdaşlygyň aýrylmaz gatnaşyjysyna öwrüler.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Owganystan üçin strategik geljegi, sebit we ählumumy ýagdaýlarda onuň ornuny, parahatçylygy gazanmakda möhüm şerti, owgan topragynda ylalaşygy we ösüşi görýär.
«Şeýle hem şu ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna gaýragoýulmasyz we netijeli ynsanperwerlik kömeginiň berilmelidigine ynanýaryn» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
YHG-nyň sammitine Eýranyň, Pakistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri, şeýle hem Gazagystanyň premýer-ministri gatnaşdy.