mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň Prezidenti YHG-ni pandemiýa garşy bilelikde göreşmäge çagyrdy

view-icon 1626
Türkmenistanyň Prezidenti YHG-ni pandemiýa garşy bilelikde göreşmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletlerini pandemiýa garşy bilelikde göreşmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu barada Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammitinde nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky iki ýyl hemmeler üçin uly synag döwri boldy. Ýekelikde, özbaşdak pandemiýa garşy göreşde diňe wagtlaýyn üstünlik gazanyp biljekdigi örän çalt we aýdyň ýüze çykaryldy.

«Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde howply ýokanç kesellere garşy göreşmekde tejribeleri, usullary we işläp taýýarlamalary, özara alyşmagyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmaga örän ýakyn wagtlarda girişmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Bizde bu ugurda birek-birege teklip etmek üçin köp zat bar» – diýip hormatly Prezidentimiz belledi.