Ï Türkmenistan YHG agza ýurtlaryny energiýa we transport pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan YHG agza ýurtlaryny energiýa we transport pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy

view-icon 4365
Türkmenistan YHG agza ýurtlaryny energiýa we transport pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlaryny ulag we energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu barada Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammitinde nygtady.

Türkmenistanyň ulag we energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň ösüşini YHG-nyň iň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda görýändigini bellemek gerek.

«Häzirki döwürde bu ugurlar ählumumy ykdysady ösüşiň aýgytlaýjy esasy hökmünde çykyş edýär» – diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu işe öz wagtynda we işjeň goşulmak zerur bolup durýar. Munuň üçin bar bolan bäsdeşlik artykmaçlyklaryny ulanyp, täze üstaşyr ulag geçelgelerini, energetika ugurlaryny emele getirmäge doly hukukly we netijeli gatnaşyjynyň ornuny üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça elektrik, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan ugry boýunça gaz geçirijisiniň gurulýandygyny ýatlatdy.

«Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşmagynda üpjünçilik ulgamlarynyň iri taslamalarynyň amala aşyrylmagy yklymda täze geoykdysady giňişligi döretmekde ýokary hilli öňegidişlik bolar diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmaz. Munuň özi hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar, iri maýa goýumlary çekýär, birnäçe möhüm durmuş meselelerini çözýär» – diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzda Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlar boýunça ulag-tranzit aragatnaşygyny işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýär.