Ï Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çäre gurady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çäre gurady

view-icon 2835
Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çäre gurady

Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre gurady.

Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Belarusyň we Eýranyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Hindistanyň DIM-niň, hindi-türkmen dostlugy jemgyýetiniň, Hindistan-Merkezi Aziýa Gaznasynyň işgärleri, Jawaharlal Neru adyndaky Uniwersitetiň, telekeçilik we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Delidäki ilçisi Şalar Geldinazarow gutlag sözünde Garaşsyzlyk ýyllary ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanan ösüşleri bilen tanyşdyrdy. Bu üstünlikler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynda öz beýanyny tapdy.

Ilçi şeýle hem Türkmenistanda geçirilýän halkara çäreleri, şol sanda 28-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek YHG-ä agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň Sammiti barada jikme-jik gürrüň berdi.

Ilçi Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky durnukly ösüşe eýe bolýan ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berdi.

Duşuşykda hindi-türkmen dostlugy jemgyýetiniň wise-prezidenti Sandip Jaýn çykyş edip, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, çuňňur taryhy kökleri bolan iki döwletiň halklarynyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary nygtady.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri barada wideoşekiller görkezildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi we türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty gymmatlyklarynyň eksponatlary myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.