mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Mosartyň eserleri ýaňlandy

view-icon 2918
Mosartyň eserleri ýaňlandy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Mosartyň doglan gününe 265 ýyl doldy. Bary-ýogy 35 ýaşan kompozitor hiç kimi biparh goýmaýan ajap eserleriň 626-syny döretdi.

Mosart 6 ýaşynda klawir üçin Birnji konsertini döredende kakasy notlalary eline alyp:

-Ýöne bu agyr konserti hiç kim çalyp bilmez!- diýýär.

Ogly:

-Ýok-la, ony çaga-da çalyp biler. Meselem, men – diýipdir.

Ol aslynda bolan zatmy ýa-da ýöne aýdylaýanmy – belli däl. Ol 6 ýaşyndaka Wenada, Mýunhende, Şweýsariýada, Gollandiýada konsert beripdi. Çaganyň ýerine ýetiren sazlary diňleýjileri üýtgeşik owazy bilen haýran edipdi.

Ýetginjek Mosartyň Italiýada ýaşan 4 ýylynda onuň «Pontiý şasy –Mitridat», «Lusiý Sulla», «Sipionyň düýşi» operalary üstünlik gazanýar.

Ol 17 ýaşyna çenli iri eserleriň 40-dan gowragyny döredýär. «Figaronyň toýy» we «Don Žuan» operalary hemmetarapalýyn zehiniň iň ajaýyp eserleridir, olar häzirem ähli ýurtlaryň sahnasyndan düşmän gelýär.

Onuň soňky eseri – messa Rekwiýemde – hasratly ýagdaýa syzgyrlyk duýulýar.Eser ýazmagy buýran şahsyýet ýaşyrynlykda galmak isläpdir. Ol eseri özüniňki diýjek bolupdyr diýip çakalnylýar. Şol döwürde pula mätäçlik çeken kompozitor ol adamyň ýaramaz pikiriniň bardygyny duýupdyr. Mosart eseri tamamlap ýetişmeýär, ony şägirdi Zýusmaýer tamamlaýar. 1791-nji ýylyň noýabr aýynyň dowamynda Mosart düşeginden galmandyr, 5-nji dekabrda ol ýiti gyzzyrmadan aradan çykýar.

Genial sazandany atly-abraýly jaýlamandyrlaram.Ony garyplaryň umumy mazaryna depin edipdirler. Bu ýagdaý eýýäm ýogalan Mosarty ýatdan çykaran jemgyýete ömürlik teýene bolup galýar.

Ýöne wagt hemme zady ýerbe-ýer etdi. Wolfgang Amadeý Mosartyň doglan ýeri Zalsburgda onuň her doglan gününde Mosart adyndaky halkara saz bäsleşikelri geçirilýär. Ol dünýäde iň meşhur kompozitorlaryň biri, onuň eserleri saz meýdançlarynyň ählisinde ýerine ýetirilýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda beýik kompozitroyň doglan gününiň 265 ýyllygyna bagyşlanan konsertde Mosartyň ajaýyp eserleriniň onusy ýaňlandy.

Halkara bäsleşikleriniň laureaty Jemal Agajanowa orkestr bilen skripka üçin konserti açdy. Jemal ony ýeňil we çeper ýerine ýetirdi. Dogrusy, onuň şeýle çalmagyna-da garaşylýardy, çünki ol şol eser bilen şu ýyl Fransiýada geçirilen halkara onlaýn bäsleşikde ikinji orny eýeläpdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmenistanyň Atyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Gaýypow «Don Žuan» operasyndan Don Žuanyň ariýasyny ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň at gazan artisti Wladimir Mkrtumow Mosartyň iki eserini - «Fantaziýa» (do-minor) we Rondo (re-mažer) ýerine ýetirdi. Dogrusy, Mosartyň sazlary mähir we päklik nuruna ýugrulan.

Stella Faramazowanyň okuwçyalry – Altyn Nurmyradowa (skripka), Kowus Bäşimow (alt), Erjel Ýagşymyradow (fortepiano) ilkinji gezek uly sahna çykdylar, Olar «Trio» eseriniň 2-nji we 3-nji bölümlerini çaldylar.

Talyplar kwarteti ̶ Jemal Agajanowa (skripka), Aýlar Annamyradowa (wiloençel), Nury Halmämmedow adyndaky bäsleşigiň laureaty Merjen Amanowa (fortepiano), Atageldi Rozyýew (alt) «Sol-minor» kwarteti bilen konserti jemlediler. Ol saz şeýle bir ýiti we sazlaşykly ýaňlandy welin, kwartet däl-de, tutuş simfoniki orkestr çykyş eden ýaly boldy.

Kamera ansambly kafedrasy ýubilýaralara bagyşlanan konserti dowam etmek bilen, geljekde diňleýjilere Winçenso Bellini we Ferens List barada «Söýgi aýdymçylary» konsertini guramagy hem meýillleşdirýär.