Ï Telekeçileriň zähmeti bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telekeçileriň zähmeti bilen

view-icon 3488
Telekeçileriň zähmeti bilen

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda süýdi gaýtadan işlemäge we dürli görnüşli süýt önümlerini öndürmäge niýetlenen hususy kärhana gurulýar.

Gurulýan täze kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzasy Öremuhammet Annagylyjowa degişlidir. Häzir binýat goýmak işleri tamamlanyp, dürli maksatly binalar üçin demirbeton daýanç desgalarynyň gurluşygy başlandy. Täze kärhananyň umumy meýdany iki gektar bolup, oňa dolandyryş binasy, süýdi gaýtadan işleýän hem süýtli önümleri öndürýän bölümleriň binasy, şol sanda dükan, barlaghana, tehniki häsiýetli desgalar we başgalar girer. Haryt öndürijä döwlet tarapyndan bölünip berlen ýerde çörek we konditer önümleriniň önümçiligini ýerleşdirmek-de meýilleşdirilýär; häzirki wagtda bu işler telekeçi tarapyndan amala aşyrylýar. Onuň «Ýyldyrym» söwda belligi astyndaky önümlerine sebitden has uzakda-da isleg bildirilýär.

Täze kärhananyň işe girizilmegi bilen günde birnäçe tonna süýdi gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär. Bu maksatlar üçin iň döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlary satyn almak göz öňünde tutulýar. Umuman, bu kärhanada azyk önümleriniň köpdürli görnüşi öndüriler.

Daşoguz welaýatynda maldarçylyk hem oba hojalygynyň esasy pudaklaryndan biridir. Bu ýerde dürli döwlet edaralarynyň we hojalyklarynyň ygtyýarynda on müňden gowrak gara mal, 100 müň töweregi dowar we 4 ýarym müňden gowrak düýe bar. Şonuň üçin, sebitde maldarçylyk önümleriniň gaýtadan işlenilmegine aýratyn üns berilýär. Häzir döwlet tarapyndan döredilen amatly ykdysady şertleriň netijesinde, bu meseläni çözmäge hususy pudaklar-da işjeň goşulyşdy. Olaryň gurýan kuwwatly kärhanalary ýurduň ilatyny ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek ugrundaky giň göwrümli işlerde oňyn kömek bolup biler. Mysal üçin, häzirki wagtda Türkmenistanyň demirgazygynda süýdi we eti gaýtadan işlemek üçin kuwwatly önümçilik desgalary bilen bir hatarda täze hususy maldarçylyk hojalyklary-da gurulýar.