Ï Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek bellenildi

view-icon 5759

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, olaryň oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk, guşçulyk we balykçylyk bilen meşgullanmak, şeýle hem dürli görnüşli azyk önümlerini öndürmek işini ýola goýmak arkaly kömekçi hojalyklarynyň işini döwrebap usulda kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek bellenildi.

Harby we hukuk goraýjy edaralara Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri üç aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.