Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidentini Gurbanguly Berdimuhamedowy Hindistan gününiň baýramçylygyna we «Hindistan – Merkezi Aziýa» ýokary derejeli sammite çagyrdy.
Bu barada Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri milli Liderimiziň adyna iberen hatynda aýdylýar.
Narendra Modi hatynda Hindistan bilen Türkmenistany däbe öwrülen taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýandygyny belleýär.
«Maňa 2015-nji ýylda Siziň ajaýyp ýurduňyzda bolmak bagty miýesser etdi. 2010-njy ýylda Hindistana amala aşyran saparyňyz Hindistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge mäkäm esas goýdy. 2019-njy ýylda ýola goýlan Hindistan — Merkezi Aziýa dialogynyň çäklerinde hem ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygymyzyň gerimi giňedi» – diýlip, hatda nygtalýar.
Şeýle hem, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri ýetip gelýän 2022-nji ýylyň Hindistan we Türkmenistan üçin şanly ýyllaryň birine öwrüljekdigini hem-de diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenjekdigini belleýär. Onuň pikiriçe, bu sene şu ýyl bellenýän taryhy senäniň – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň yzysüre bellenmegi bilen baglanyşyklylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Narendra Modi geljek ýylyň Hindistan üçin hem taryhy ýyllaryň birine öwrüljekdigini, şonda ýurduň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygyny baýram etjekdiklerini-de belleýär.
«Men Sizi tüýs ýürekden 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Nýu-Deli şäherinde geçiriljek Respublikanyň gününiň baýramçylygyna hormatly myhman hökmünde Hindistana çagyrmak isleýärin. Respublikanyň gününiň hormatyna geçiriljek dabaraly ýörişe gatnaşmak üçin Siziň Ýaragly Güýçleriňizden düzülen topary kabul etmek hem biziň üçin uly hormat bolar» – diýlip, hatda aýdylýar.
Premýer-ministr Hindistanyň Merkezi Aziýa hoşniýetli goňşuçylyk nukdaýnazaryndan garaýandygyny hem-de sebit bilen mäkäm we sazlaşykly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny-da nygtaýar.
«Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň Respublikanyň güni mynasybetli baýramçylyga gatnaşmak mümkinçiliginden peýdalanyp, sebitde umumy wehimlere köpçülikleýin çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Hindistan — Merkezi Aziýa ýokary derejeli sammiti guramagy hem teklip edýärin. Munuň özi biziň gatnaşyklarymyzy täze derejä çykarar» – diýip, Narendra Modi hatynda belledi.