Ï Bütindünýä söwda guramasynyň çäklerinde meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütindünýä söwda guramasynyň çäklerinde meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 3496
Bütindünýä söwda guramasynyň çäklerinde meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

Milli kanunçylygy Bütindünýä söwda guramasynyň (World Trade Organization – WTO) talaplaryna laýyk taýýarlamakda öňdebaryjy tejribeler Aşgabatda geçirilen halkara onlaýn-seminaryň esasy temasy boldy.

Iki günlük çärä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Daşary işler, Adalat, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet gümrük gullugynyň, Söwda-senagat edarasynyň we beýleki ministrlikleriň we degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Gruziýadan halkara bilermenleriniň ikisi halkara söwdasyny ilerletmek boýunça ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdylar we BSG-niň (Bütindünýä söwda guramasy) talaplaryna garadylar. Olar söwdada tehniki päsgelçilikleri aradan aýyrmagyň, oba hojalygynda we azyk önümlerine tarif syýasaty, harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň, pagta söwdasy we içerki goldaw, BSG bilen möhüm ylalaşyklaryň, ýagny söwda işlerini ýönekeýleşdirmek hem-de fitosanitairýa meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň Çözgüdine salgylanyp, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor: «ÝHHG-nyň bu borçnamasy Guramanyň ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda ýurtlaryň ykdysadyýetiniň dünýä maliýe-ykdysady ulgamyna – ilkinji nobatda, Bütindünýä söwda guramasyna girmek arkaly goşulyşmagyna goldaw bermekdäki işine täze itergi berdi» – diýdi.

Bu çäre ÝHHG-niň Merkeziniň Türkmenistanyň hökümeti bilen söwdany we ulag pudagyny ösdürmek babatda hyzmatdaşlygynyň dowamydyr.

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda BSG-niň Ženewadaky edarasynda geçirilen BSG-niň Baş geňeşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesini bermeklige biragyzdan ses berlipdi.

Häzirki wagtda 164 döwlet BSG-niň agzadyr. 24 ýurtda synçy derejesi bar, Türkmenistan synçy derejesini alan 25-nji döwletdir.

Bu dereje Türkmenistanyň mlli ykdysadyýetini sazlaşykly ösdürmäge, daşarky söwdada ornuny berkitmäge, köpugurly hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga, daşary ýurtlardan maýa goýumalryny çekmäge we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Ol şeýle hem telekeçilik we söwda strategiýalaryny işläp taýýarlamaga, olary üstünlikli amala aşyrmaga degişidir.

Bütindünýä söwda guramasy – öz agzalarynyň arasynda söwda düzgünlerini kadalaşdyrýan ýeke-täk ählumumy halkara guramasydyr. Onuň esasyny BSG-niň dünýä ýurtlarynyň köpüsi bilen baglaşylan, gol çekilen we tassyklanan ylalaşyklar düzýär. BSG-niň düzgünleri söwda-ykdysady gatnaşyklarda milli kanunçylygy işläp taýýarlamak we ulanmak üçin çelgi bolup durýar. Guramanyň esasy maksady – öz agzalarynyň arasynda durnukly we erkin söwda akymlaryny üpjün etmekdir.