Özbegistanyň Samarkant şäherinde GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiniň 23-nji mejlisi tamamlandy.
Oňa Arkalaşyga agza-döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem doly ygtyýarly wekili, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Ylmy-önümçilik tohumçylyk assosiasiýasynyň («Semena» assosiasiýasynyň) wekilleri gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşan hünärmenler, hususan-da, sort synagçylaryny, seçimçileri, tohumçylary, genetikleri, inženerleri taýýarlamaga degişli meseleleri, gowaça seçiminiň we tohumyny öndürmegiň täze usullaryny işläp düzmekde gazanylan üstünlikleri, şeýle hem botanika baglaryny ulanmagyň, oba ýerlerini, kiçi hem uly şäherleri abadanlaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şonuň bilen birlikde, gurulýan zawodyň – Samarkant welaýatyndaky «Şýolkowo Agrohim» paýdarlar jemgyýetiniň şahamçasynyň esasynda Merkezi Aziýa seçim-tohumçylyk we tehnologiýa merkezini döretmek baradaky teklipler-de boldy. Bu merkez, GDA agza-ýurtlaryň seçimçilik merkezleriniň ulgamyny, ösümlikleriň gorag serişdelerini, dürli mineral we organiki dökünleri öndürýän kärhanalary işe çekmek bilen, güýçli seçim-tohumçylyk we tehnologik senagaty döretmäge mümkinçilik berer.
Geňeşiň 24-nji mejlisini indiki ýyl Täjigistanda geçirmek meýilleşdirilýär.