Ï Bank pudagynyň durnukly ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bank pudagynyň durnukly ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 3858
Bank pudagynyň durnukly ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy

BMG-niň we Türkmenistanyň bilelikdäki bilermenler toparynyň durnukly ösüş ýörelgeleriniň bank pudagyna girizilişini öwrenmek boýunça üçünji mejlisi geçirildi.

Toparyň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet statistika komitetiniň, Merkezi bankyň we Daşary ykdysady gatnaşyklar bankynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň topary girdi.

Toparyň agzalary halkara tejribäni öwrendiler we bank pudagynda durnuklylyk ýörelgelerini öňe sürmegiň täze ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlise gatnaşýanlara Durnukly ösüşi üpjün etmegiň ähmiýeti barada maglumat berip, UNEP-iň Maliýe başlangyjynyň durnukly ösüş boýunça hünärmeni jogapkär bank işiniň ýörelgelerini hödürledi. Ol 2030-njy ýyla çenli döwürde Günüň tertibine we Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin, ähli gyzyklanýan taraplaryň, şol sanda ykdysadyýetiň bank pudagynyň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini nygtady. Bu nukdaýnazardan Jogapkärçilikli bank ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi, ýagny maksatlary oňlama we öňde goýma, aç-açanlyk we hasabatlylyk ýokarda agzalan maksatlara ýetmäge we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly kynçylyklary çözmäge möhüm goşant goşar.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wekilleri hem şu ugurda häzire çenli gazanylan üstünlikleri nygtamak bilen, bank pudagynda durnuklylygy ýokarlandyrmak baradaky garaýyşlaryny mälim etdiler.