Ï Raýatlyk jemgyýeti guramalarynyň duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Raýatlyk jemgyýeti guramalarynyň duşuşygy

view-icon 6248
Raýatlyk jemgyýeti guramalarynyň duşuşygy

Her ýylyň 10-njy dekabrynda bellenilýän Adam hukuklary güni mynasybetli BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň (AHÝKM) edarasy Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde Merkezi Aziýada raýatlyk jemgyýeti guramalarynyň sebitleýin duşuşygyny gurady.

Bu çäre Aşgabat, Oş, Duşanbe, Daşkent şäherleriniň parallel birikdirilmegi arkaly geçirildi we Merkezi Aziýadaky ÝB wekiliýetleriniň wekillerini, BMG-niň AHÝKM-ny, ýurtlaryň jemgyýetçilik guramalaryny, adam hukuklary boýunça bilermenleri bir ýere jemledi.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissary Mişel Baçelet, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky ýörite wekili Teri Hakala, BMG-niň AHÝKM-niň ýerlerdäki wekilhanalar bilen işleşmek boýunça bölümiň direktory we tehniki hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Kristiano Jorha Salazar Wolkmann duşuşyga gatnaşýanlara wideo baglanyşygy arkaly ýüzlendi.

Deňlik babatynda sebitleýin tendensiýalar, häzirki zaman kynçylyklary, bu ugurdaky sebitleýin hyzmatdaşlyk, hususan-da adam hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi babatynda sebitleýin strategiýany işläp düzmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynda maýyp ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak duşuşygyň barşynda gozgalan esasy meselelerdir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda «Yeňme» jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Gulýa Çörekliýewa Türkmenistanda maýyplaryň hukuklarynyň hünär taýdan durmuşa geçirilmegi barada çykyş etdi.

– Adam hukuklary pelsepesi bir esasy gymmatlyga esaslanýar. Bu gymmatlyk bolsa adamdyr – diýip, belledi.

ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň birinji geňeşçisi Renata Wrobel öz çykyşynda adam hukuklarynyň ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhümdigini belledi. Adam hukuklary baradaky milli kanunlary we halkara konwensiýalary durmuşa geçirmekde, Ombudsmeniň edarasyny Pariž ýörelgelerine laýyk getirmekde we gerimini giňeltmekde ÝB Türkmenistan hökümetine yzygiderli goldaw berýär.

Jyns taýdan deňlik boýunça Ikinji Milli hereket meýilnamasynyň (NAPGE 2) häzirki kanunlar bilen bilelikde halkara ülňülerine laýyk gelýändigini we Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny öňe sürmek üçin oňat esas döredýändigini bellemek möhümdir.

BMG-niň adam hukuklary boýunça mehanizmleri we guramalary dünýäniň ähli ýurtlarynda adam hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini gowulandyrmaga çalyşýarlar. Raýat jemgyýetiniň adam hukuklary boýunça mehanizmler bilen gatnaşygynyň has gow netije berýändigini tejribe görkezýär, esasanam şeýle täsir mehanizmiň işiniň ähli basgançaklarynda ýüze çyksa.