Ï Fýodor Dostoýewskiniň bürünç portreti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Fýodor Dostoýewskiniň bürünç portreti

view-icon 3380

Dünýä edebiýatynyň nusgawy wekili Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň 200 ýyllygynyň şanyna ÝUNESKO-nyň karary bilen 2021-nji ýyl “Dostoýewskiniň ýyly” diýlip yglan edildi.

Hut şol döwürde türkmen relýefli heýkeltaraşlygynyň ussady Aleksandr Kaşirskiý Fýodor Mihaýlowiçiň bürünç portretini döretmek boýunça işini tamamlan eken. Relýefli heýkel Türkmenistanyň bitaraplyk baýramyna bagyşlanan sergide görkezildi.

Biziň ýurdumyzda bu meşhur akyldaryň, filosofyň we publisistiň diňe çeper mirasyny öwrenmän, eýsem çuňňur şahsyýetini hem öwrenip, ýazyjynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýarlar. Fýodor Mihaýlowiçiň ýaşan we häzirki zaman dünýäsinde eserleriniň ähmiýeti barada onuň bürünç portretiniň awtory Aleksandr Kaşirskiý bilen söhbetdeş bolduk.

— Döredijilik işime dünýä ensiklopediýasyndan bir parça goşmagym tötänden däldir: «ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, dünýä edebiýatynyň nusgawy wekili Dostoýewskiý dünýäde iň köp okalýan ýazyjylaryň biridir». Men onuň eserlerini elmydama höwes bilen okaýardym, «Garyp adamlar» romany meniň üçin iň ajaýyp eserleriniň biri bolmagynda galýar. 70-nji ýyllarda men Sankt-Peterburgda Fýodor Dostoýewskiniň aramgähine baryp gördüm, ol ýerde ýazyja bürünçdir granitden taýýarlanan heýkeltaraşlyk ýadygärligi oturdylypdyr. Eserlerimiň birini Fýodor Mihaýlowiçe bagyşlamak islegi, belki-de şonda dörändir.

Türkmen ussasynyň döreden Dostoýewskisiniň keşbi umumylaşdyrylandyr. Onuň keşbinde agyr ykbal we ömrüniň dowamynda ondan el çekmedik synaglar janlanýar, ýöne şol synaglaryň beýik ýazyjynyň eserlerinde diňe durmuşy ykrar edýän ýörelgesini berkidendigini boýun almak gerek.

— Dostoýewskiniň edebi mirasy adamlara henizem tolgundyryjy täsir edýär, çünki söýgi, kezzaplyk we beýleki ynsan hyjuwlary ýer ýüzünden henizem ýok edilenok ahyryn – diýip, Aleksandr Kaşirskiý söhbetini dowam edýär. — Tebigaty boýunça humarbaz adam, ýazyjy, hatda öz nogsanlaryny-da döredijiligine siňdiripdir. Onuň ýer ýüzündäki tutuş ýoluny bir portretde beýan etmäge synanyşyp, işime kiçijik metafora – pirakanta, ýagny otly tiken baldagyny goşmak kararyna geldim. Gyrymsy agajyň buldurap duran miweleri nusgawy ýazyjynyň paýyna düşen görgüleri şekillendirýär, ýaşyl ýapraklar bolsa, ruhy gözbaşlaryna gaýdyp gelmek umydy hökmündedir.

Ussanyň ýygyndysynda Türkmenistanyň we dünýäniň ajaýyp şahsyýetlerine bagyşlanan 40-a golaý heýkeltaraşlyk işi bar, olaryň arasynda türkmen suratkeşi Bäşim Nuralynyň, ýazyjy Kaýum Taňrygulyýewiň, kompozitor Weli Muhadowyň, şeýle hem Frederik Şopeniň, Nikolo Paganiniň we Edward Grigiň bürünçden we metaldan ýasalan heýkeljikleri öz orunlaryny tapypdyrlar. Indi olaryň hataryna ýene bir üýtgeşik eser — Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň bürünç portreti goşular.