Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde sözlän sözi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde sözlän sözi

view-icon 11215
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde sözlän sözi

Hormatly adamlar!

Men şu ýerde sizi görýänime örän şat. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe toýlarymyz toýlara ulaşýar. Şu gün hemmämiz bir ýere jem bolup, bir supranyň başynda Türkmenistanyň Bitaraplyk toýuny toýlaýarys.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi, onuň mähriban Watanymyz, sebitiň ýurtlary we bütin adamzat üçin ähmiýeti barada näçe aýtsaň hem az. Taryha ser salanyňda, dünýäniň köp döwletlerinde parahatçylygyň, asudalygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigi baradaky maglumatlaryň köpdügini bellemek isleýärin.

Biz häzirki döwrümiziň nyşanlaryny müňýyllyklary aşyp gelýän milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyrýarys. Türkmen Bitaraplygynyň milli köklerini yzarlap, türkmençilik ýol-ýörelgeleri, ilimiz, milletimiz, şöhratly taryhymyz dogrusynda oýlananyňda hem aýdara zat örän kändir.

Biz düýn paýtagtymyzda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirip, onda geljegiň abadançylygy, ählumumy parahatçylygyň esaslary, türkmen Bitaraplygynyň gazanan tejribesi barada öz garaýyşlarymyzy beýan etdik, pikir alyşdyk.

Taryha ser salsaň, Bitaraplygyň halkymyzyň milli ruhy bitewüligi, iň asylly häsiýetleri, ýörelgeleri, şu günki günde bolsa dünýä halklarynyň bähbitleri bilen berk baglydygyny görmek bolýar.

Men şu ýerde halkymyza mahsus bolan türkmençilik, ilimiziň milli aýratynlygy barada aýdanymyzda, taryhyň dowamynda türkmen halky dünýä nusgalyk ajaýyp dessurlary, ýörelgeleri döredipdir diýip bilerin. Şol bir wagtyň özünde paýhasly halkymyzyň zehininden dörän milli gymmatlyklar dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant bolupdyr.

Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň hatarynda behişdi ahalteke bedewleriniň, ajaýyp, nepis halylarymyzyň, edermen türkmen alabaýlarynyň aýratyn orun eýeleýändigini bellemek isleýärin.

Taryhyň dowamynda we häzirki döwürde halkymyzyň durmuşynda ahalteke bedewlerine möhüm orun degişlidir. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşy gymmatlygy hasaplanylýan ahalteke bedewleri Ýer ýüzüniň iň gadymy atlarynyň biri bolmak bilen, ol milli mirasymyzdyr, köňül buýsanjymyzdyr.

Ahalteke bedewleri owadanlygy, gylyk-häsiýeti, düşbüligi we ýyndamlygy bilen giňden bellidir. Şu ýerde bir zady aýratyn bellemek isleýärin, ol hem ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary çylşyrymly hem-de örän täsirli çykyşlary bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän abraýly bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledi. Munuň özi türkmen halkynyň buýsanjyna we dünýä ýurtlarynyň atşynaslarynyň çuňňur söýgüsine mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň ukybynyň köpugurlydygynyň aýdyň beýanydyr.

Türkmenlerde «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen pähim bar. Munuň özi halkymyzyň bedewlere aýratyn sarpa goýýandygyny aňladýan çuň manyly jümledir. Biziň milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hakyky simwolydyr, onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga ymtylyşynyň şaýadydyr.

Türkmen Bitaraplygynyň süňňünde hem hut şu düşünjeler öz beýanyny tapýar. Halkymyz bedew atyň üstünde asudalygy, abadançylygy, parahatçylygy gorapdyr. Ýelden ýüwrük bedewi bilen dünýä ýaýrap, Zemine parahatçylygy ýaýypdyr.

Hormatly adamlar!

Şu ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hemmeleri biynjalyk edýän global soraglara seredildi. Bu barada biz düýn geçirilen halkara maslahatyň dowamynda hem belläp geçdik. Umuman, ekologik abadançylyk, tebigata aýawly çemeleşmek, ony gorap saklamak dünýäde wajyp meselä öwrüldi.

Türkmenistan bu ugurda jogapkärçiligi duýmak bilen, tebigy baýlyklara, janly-jandarlara örän oýlanyşykly çemeleşýär. Biziň halkymyzyň diňe behişdi bedewine, merdana alabaýyna goýýan sarpasy-da muňa anyk mysallardyr. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.

Global ekologiýa, dünýäniň haýwanat dünýäsi barada aýdylanda, biziň ýurdumyzda bu ugurda ägirt uly işleriň bitirilýändigini bellemelidiris. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başarypdyr.

Pederlerimiziň döreden milli gymmatlyklary, aýratyn-da, edermen türkmen alabaýlary tebigatyň özboluşly aýratynlygy bilen sazlaşykda kemala gelipdir. Alabaýlaryň edermenligi, wepalylygy barada meniň birnäçe kitaplarymda beýan edildi. Şu ýerde bir edermen alabaýyň birnäçe obany howpdan halas edendigi bilen bagly rowaýatlaryň bardygyny bellemek isleýärin.

Türkmen alabaýlarynyň ýetişdirilişi hem özboluşly sungatdyr. Türkmen halky ýetişdiren jandarlaryna-da özüniň paýhasyny, häsiýetini, tebigylygyny siňdirýär. Şeýle terbiýesi bolansoň, türkmen alabaýy her bir kişiniň niýetini bilýär. Eger gowy niýet bilen gelse, diňe gözi bilen garşylap, ony ugradýar. Eger göwnünde azajyk-da bolsa ýaramaz niýet bolaýsa, onda ol topulmakdanam, ýarmakdanam gaýdanok.

Ylalaşyklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik, wepadarlyk, edermenlik ýaly häsiýetler ata-babalarymyzdan biziň damarlarymyza, süňňümize, aňyýetimize ornan häsiýetlerdir.

Ine, şunuň ýaly asylly ýörelgeler türkmen Bitaraplygynyň özenini düzýär. Onuň düýp manysy bolsa asudalygy, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, biz Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny diňe bir özümizde hem-de sebitde däl-de, eýsem, bütin dünýäde hem giňden wagyz edýäris.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara bileleşik tarapyndan doly goldanylmagy we dünýäniň abraýly halkara guramasy — Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi tutuş asyryň, diňe türkmen dünýäsiniň däl, häzirki zaman adamzat dünýäsiniň hem örän uly we möhüm wakasy boldy. Adamzadyň durmuşyny hem-de ýurtlaryň gatnaşygyny guramakda, dogry alyp gitmekde täzelik getiren waka boldy. Güneşli ýurduň mähriban adamlarynyň nurana kalbynyň ýylysy bolup dünýä doldy.

Şonuň üçin hem biz — türkmenistanlylar hemişelik Bitaraplygymyza örän ýokary baha berýäris. Munuň özi, hiç hili ulaldyp aýtmanymyzda, Bitaraplygymyzyň öz hakyky gymmatydyr. Ozal hem belleýşim ýaly, eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Edil şonuň ýaly, Garaşsyzlyk bilen Bitaraplygyň hem türkmen döwletliliginiň goşa ganatydygyny ýene bir gezek nygtamak isleýärin.

Hormatly adamlar!

Nepis halylar barada aýdanymyzda-da, ene-mamalarymyz bu halylarymyzy sünnäläp dokapdyrlar. Ol örän inçe sungat bolup, halyçylyk däpleri asyrlaryň dowamynda döwürleri we nesilleri baglanyşdyryp, gelin-gyzlarymyzyň yhlasy netijesinde biziň günlerimize gelip ýetipdir we bu sungat häzirki döwürde döwrebap derejede kämilleşdirilýär.

Men şu ýerde bir anyk maglumat barada aýtmakçy. Her halyda, iň bir kiçijek halyda hem millionlap çitim bar. Has takygy, halynyň bir inedördül metrinde ýarym milliondan gowrak çitim ýerleşýär. Türkmen gelin-gyzlary dünýäde meşhurlyk gazanan halylary örän sünnäläp, yhlas bilen dokapdyrlar. Sungat derejesine göterilen halyçylyk hünäri inçe döredijiligiň, zehiniň, irginsiz zähmetiň netijesidir. Taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän nepis türkmen halylary inçeligi, reňkleriniň sazlaşygy we özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanypdyr.

Üns edip görüň, haçan-da ene-mamalarymyz eline daragyny alyp, “ýa bisimilla” diýip, hala ilkinji salan nagşyny “toprak” diýip atlandyrýarlar. Soňra bolsa «äleme» geçilýär. Älem — hemme dilde-de älemdir. Ol asman bilen Zemin aralygyny, tutuş adamzadyň dünýäsini, parahatçylygy öz içine alýar. Şunuň aňyrsynda-da uly many bar. Ol biziň hemmämiziň toprakdan başlanýandygymyzy aňladýar. Men her bir adamda, onuň milletiniň tapawudy ýok, hökman bir zada yrym etmeli diýlen düşünjäniň däl-de, onuň göwnünde ynamynyň bardygyna ynanýaryn.

Ýa-da bolmasa, indiki salynýan nagşy ene-mamalarymyz, gelin-gyzlarymyz “aşyjyk” diýip atlandyrypdyrlar. Onuň adynda-da ýagşy niýet, ynam-umyt bar. Ol geljekde bir maşgalada oglanjygyň, geljekki gerçek ýigidiň dünýä inmegini, edermen ogullaryň bolmagyny aňladýar.

Hormatly adamlar!

Oguz han atamyzdan başlap, geçmişde meşhur türkmen akyldarlary, syýasatşynaslary, nusgawy şahyrlary öz iş alyp baran ugurlary boýunça taryhda öçmejek yz goýupdyrlar. Baýram han, Abdyrahym han-hanan, Jelaleddin Türkmen ýaly köp gerçekler milletiň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşandyrlar. Biz olaryň bitiren beýik işlerine buýsanýarys. Nesillerimizi olaryň watançylyk ruhunda terbiýeleýäris.

Türkmeniň taryhynda Alp Arslan, Görogly beg ýaly edermen şahslar, Magtymguly Pyragy, Mämmetweli Kemine, Gurbandurdy Zelili, Seýitnazar Seýdi ýaly ajaýyp söz ussatlary halkymyzyň agzybirligi, ýurduň berkararlygy ugrunda akyl-paýhasyň, gaýduwsyzlygyň we çeper sözüň üsti bilen göreşipdirler. Olar halka hyzmat etmegiň, Watana wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezipdirler.

Eziz doganlar!

Hormatly myhmanlar!

Biz, nesip bolsa, ajaýyp milli şahyrymyz, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuny uly dabaralara besläp, hemmämiz bilelikde belläris, nusgawy şahyryň hormatyna uly toý tutarys.

Magtymguly Pyragynyň öz döwründe aýdan pelsepe sözleri, arzuwlary häzirki döwürde amala aşyrylýar. Bizem onuň hakyky şaýady bolup durus. Magtymguly atamyzyň:

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň —

diýen arzuwlary Garaşsyzlyk zamanasynda hasyl boldy.

Ine, şu gün, biz Magtymguly atamyzyň belläp geçişi ýaly, bir dogan ýaly bir supranyň başynda otyrys. Munuň özi döwletlilikden nyşandyr. Türkmen ilinde «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen pähim bar. Hemmämiziň bilelikde şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmagymyz agzybirligiň, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkarar bolýandygyny görkezýän hakykat dälmi?!

Hormatly adamlar, eziz watandaşlar!

Gadyrly dostlar, myhmanlar!

Hanymlar we jenaplar!

2021-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy, asla ähli ýurtlar tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip ykrar edildi. Biz hem bu ýyly öz gezegimizde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdik. Indi her ýylyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenilýär.

Men hem öz gezegimde bu baýramçylygymyza bagyşlap, täze goşgymy ýazdym. Bu goşgyny hem «Ýaşasyn parahat durmuş!» diýip atlandyrdym.

Hormatly adamlar, eger-de taryha ser salsak, hiç haçan urşuň utan ýeri ýok. Şonuň üçin, goý, elmydama bütin dünýäde parahatçylyk, abadançylyk we bagtyýar durmuş höküm sürsün!

Men hem öz gezegimde siziň ähliňizi ýene-de bir gezek Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýaryn. Her biriňize berk jan saglyk, rowaçlyk, maşgala abadançylygyny hem-de Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(2021-nji ýylyň 12-nji dekabry)