Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

view-icon 2613

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we milli Liderimize hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Eýranyň Lideri EYR-nyň ýurdumyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galmagyny şertlendiren parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýöredýän Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklady.

Milli Liderimiz gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary ilerletmekde ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny, hyzmatdaşlygyň sazlaşykly we okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Seýed Ebrahim Raisi häzirki zamanyň ýagdaýlaryny we geljekki meýilleri nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýlelikde, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ýeňil senagatda, oba hojalygynda we gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy barada aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara türkmen-eýran toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda we köpugurly esasda ösdürmekde möhüm gurallaryň biri bolan bu düzümiň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde iki dostlukly döwletiň Baştutanlary halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşler häzirki zamanyň has derwaýys ugurlary, aýratyn-da, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary utgaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelerde garaýyşlaryň gabat gelýändigini belläp, bu ugurda ýola goýulýan işjeň gatnaşyklaryň ählumumy maksatlara hem-de milli bähbitlere laýyk gelýändigini nygtadylar. Iki ýurduň abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygy bellenildi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi ýokary derejede guralýan özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň ähli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de pugta binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerindäki gatnaşyklaryň wajypdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň we Eýranyň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry bolan ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, iki ýurduň halklaryny umumy taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň, häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýän köpasyrlyk asylly däpleriň baglanyşdyrýandygyny bellediler. Söhbetdeşler ylym hem-de bilim, medeniýet we sungat, sport ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly geljeginiň bardygyny aýtdylar.

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Liderleri iki döwletiň mizemez dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, möhüm ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryny mundan beýläk-de gaýgyrmajakdyklaryny bellediler.

Döwlet Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň halklaryna hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.