«Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soň gol çekilen resminamalaryň uly toplumy Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) bilen bilelikdäki hereketiniň yzygiderli ösýändigini görkezýän iki möhüm (2021 — 2025 ýyllarda Türkmenistanda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda Çarçuwaly maksatnama, şeýle hem «Parnik gazlarynyň zyňylmalaryny azaltmak üçin ownuk şahly mallary köpeltmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak» atly taslamany bilelikde amala aşyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda Ylalaşyk) resminamany öz içine alýar.
Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen ýokarda agzalan halkara maslahata gatnaşmak üçin, Türkmenistana gelen BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, alnyp barylýan bilelikdäki iş, şol sanda global derejede oba hojalygynyň ösüşine ýardam bermek hem-de azyk howpsuzlygy meseleleri babatda taslamalar we maksatnamalar boýunça pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasyny açmak boýunça Türkmenistan bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda taslamalaýyn ylalaşyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen döwletiniň daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga gönükdirilen halkara prosesslerdäki işjeň orny bellenildi.
Agrosenagat toplumynyň we tutuş halk hojalygynyň öňdebaryjy pudaklaryndan biri bolan pagtaçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy bellenildi. Şu maksat bilen önümçilik tehnologiýalaryny kämilleşdirmek we çig malyň maşyn ýygymyny artdyrmak, ylmy-gözleg işlerine itergi bermek, şol sanda seçim we sanlylaşdyrmak arkaly pudagy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen taslamany bilelikde durmuşa geçirmek teklip edilýär. Şeýle hem häzirki zaman hakykatlaryny göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biriniň ekologiýa we daşky gurşawy goramak pudagydygy nygtaldy, çünki bu ýerde sebit we dünýä derejesinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler aýratyn ähmiýete eýe bolýar.