Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erkebulan Sapiýew Aşgabatda Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahatyny geçirdi.
Ilçi 2021-nji ýylda pandemiýa we karantin çäklendirmeleri zerarly dünýä ykdysadyýeti çylşyrymly bolsa-da, Gazagystanyň ykdysadyýetiniň ynamly ösüş depginini saklap galandygyny belledi – şu ýylyň on aýynyň netijesi boýunça ýurduň JIÖ-niň ösüşi 3,5% boldy.
Täzeden işleýän senagat önümçiligi 5,3% ösdi. Lokomotiw we wagon önümçiligi 59%, plastmas önümleri 36,5%, derman senagaty 33,6%, taýyn metal önümleri 16,4%, maşyngurluşygy 19,5%, mebel önümçilgi 11,8%, egin-eşik 11,4%, gurluşyk serişdeleri önümçilgi 9,3% ösdi.
Dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili Gazagystanyň we Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden özara ynanyşmaga we deň derejeli hyzmatdaşlyga esaslanýan dostlukly hem-de doganlyk gatnaşyklary ýola goýandygyny belledi. Gazagystan Respublikasy Merkezi Aziýa ýurtlary, hususan-da Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilýändigini nygtady. Gazagystanyň Türkmenistan bilen geljekde-de syýasy, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem sebitara hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanýandygyny aýtdy.
«Ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary durnukly ösdürilýär. 2020-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanşygy ABŞ-nyň 128 millon dollaryna barabar boldy. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bu görkeziji eýýäm ABŞ-nyň 143 millon dollaryndan geçdi, bu bolsa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ynamly ösüine şaýatlyk edýär» – diýip, E.Sapiýew nygtady.
Şeýle hem ol Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda serhetýaka hyzmatdaşygynyň hem işjeň ösdürilýändigini belledi. Ilçiniň aýtmagyna görä, Gazagystanyň Mangistau oblasty bilen Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasynda özara gatnaşyklara uly üns berilýär. Diplomat geljekde iki ýurduň serhedinde ýörite serhetýaka söwda zolagyny döretmegiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.
Maslahatyň ahyrynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erkebulan Sapiýew Türkmenistanyň hormatly Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, ýurdumyzyň halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösmegi we öňe gitmegi arzuw etdi.