Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlady

view-icon 5682

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Gazagystan Respublikasynyň bu döwür içinde dürli ulgamlarda — syýasatda, ykdysadyýetde we durmuş-ynsanperwer ugurlarynda belent sepgitlere ýetendigini hem-de halkara giňişlikde ynamly öňe gitmegi dowam edýändigini belleýär.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de iki halkyň röwşen geljeginiň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Gazagystanyň döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny artdyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny belleýär.

“Biz ýakyn goňşymyzyň ýeten sepgitlerine begenýäris we strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy yzygiderli kämilleşdirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris” diýip, milli Liderimiz Gutlagynda nygtady.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Nursultan Nazarbaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlikler, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.