Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin ýokary derejeli Sebitleýin maslahat çäresine gatnaşdylar.
Onlaýn maslahat BMG-niň Çagalar gaznasynyň parlament agzalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek we dürli ugurlar boýunça çagalar hem ýaşlar üçin netijeleri gazanmak maksady bilen, ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebit bölümi tarapyndan guraldy. Ol Ýewropada we Merkezi Aziýada Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin, ýurt derejesindäki anyk borçlary öz üstüňe almak babatynda tejribe we bilim alyşmak üçin ýerlik taýynlady.
Bu çärä Ýewropadan we Merkezi Aziýadan gelen parlament agzalaryndan başga-da Mejlisara bileleşigiň wekilleri: ýaşlar, hukuk meseleleri boýunça BMG-niň hünärmenleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň agzalary hem, öz gezeginde, Parlament agzalarynyň çagalar bilen gatnaşygy, çagalaryň abadançylygyny üpjün etmäge gatnaşmagyny goldamak üçin, milli derejede görülýän çäreler boýunça Türkmenistanyň tejribesi barada gürrüň berdiler.
Çärä gatnaşanlar tutuş sebitdäki Parlament agzalarynyň özara gatnaşyklaryny has netijeli üpjün etmek üçin, sebitleýin hyzmatdlyk parlament platformasynyň kabul etmeli görnüşi barada pikir alyşdylar.
Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitindäki Parlamentarileriň çagalaryň hukuklaryny goramak we goldamak babatynda ÝUNISEF bilen ysnyşykly işleşmekde baý taryhy bar. Kanun çykaryjylar hökmünde işlemek bilen, Parlamentariler tutuş sebitdäki çagalaryň abadançylygyna uzak möhletleýin oňyn täsir edip bilerler.