Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhmedowy we türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy bilen gutlady.
Eýranyň Lideri döwlet Baştutanymyzyň adyna iberen hatynda Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny kabul etmek barada gelen kararyny dürli sebit we halkara forumlarynda goldan ilkinji ýurtlaryň biridigini belledi.
«Eýran Yslam Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň dürli ugurlarda, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirlerini ýok etmek babatda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr» – diýip, goňşy döwletiň Lideri hatynda nygtady.
«Bitaraplyk baýramyny biz Türkmenistanyň halky bilen bilelikde belleýäris» –
diýip, Seýed Ebrahim Raisi hatynda belledi.