Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 4511
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylyşy, Täze ýyly garşylamaga taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi we welaýatlaryň häkimlerini göni aragatnaşyga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, geljek ýyl bol hasyl ýetişdirmek üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişi, şunda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň işledilişi, şeýle hem geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň geçirilişi barada habar berdi. Şu işler bilen bir hatarda, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny ekiş möwsümine taýýarlamak talabalaýyk alnyp barylýar. Mundan başga-da, welaýatda gowaçadan boşan meýdanlarda şüdügär sürüminiň geçirilişi, ýurdumyzda azyk üpjünçiligini berkitmek we ilaty özümizde öndürilen ýeralma hem-de gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek üçin ýaz ekişine taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl göz öňünde tutulýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görülýändigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak, ilaty özümizde öndürilýän azyklyk oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen üpjün etmek boýunça welaýatda meýilleşdirilen işleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmek barada häkime birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkim welaýatda geljek ýyl bol hasyl ýetişdirmek üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň alnyp barlyşy, şunda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň bökdençsiz işledilişi, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň geçirilişi, oba hojalyk tehnikalarynyňdyr gurallarynyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Welaýatda gowaçadan boşan meýdanlarda şüdügär sürümi bellenen agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Azyk üpjünçiligini berkitmek we ilaty özümizde öndürilen ýeralma hem-de gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek üçin welaýatda ýaz ekişine taýýarlyk işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär.

Hasabatyň çäklerinde gowaçanyň hasylyny ýokarlandyrmak, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny köpeltmek hem-de piläniň öndürilişini artdyrmak boýunça geçirilýän taýýarlyk işleri barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl göz öňünde tutulýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görlüşi bilen gyzyklandy. Bu meseleler babatda häkim bellenen işleriň talabalaýyk alnyp barylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilaty özümizde öndürilýän ýeralma we gök-bakja önümleri bilen doly üpjün etmek, olaryň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, geljek ýylyň hasylyndan başlap, sebitde bu ekinleriň ekilýän meýdanlarynyň artdyrylmalydygyna ünsi çekip, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty diňlenildi. Ol sebitdäki işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilişi, bu işde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň işledilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem azyk üpjünçiligini berkitmek we ilaty özümizde öndürilen ýeralma hem-de gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek üçin, sebitde ýaz ekişine taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada habar berildi.

Häkim welaýatda gowaçanyň hasylyny ýokarlandyrmak, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny köpeltmek, piläniň öndürilişini artdyrmak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdi.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl göz öňünde tutulýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ilaty özümizde öndürilýän zerur azyklyk oba hojalyk önümleri bilen üpjün edip, olaryň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ugrunda welaýatda bu ekinleriň ekilýän meýdanlaryny artdyrmagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim güýzlük bugdaýa ideg edilişi, bu işde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň işledilişi, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, gowaçadan boşan meýdanlarda şüdügär sürüminiň geçirilişi barada hasabat berdi.

Azyk üpjünçiligini berkitmek we ilaty özümizde öndürilen ýeralma hem-de gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek üçin ýaz ekişine taýýarlyk işleri depginli alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitde şu ýyl göz öňünde tutulýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin görülýän zerur çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat kärhanalaryny pagta önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, welaýatda gowaçanyň hasylyny ýokarlandyrmagyň hasabyna pagta öndürmek boýunça bellenen meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini berjaý etmegi tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler, şol sanda bugdaý ekilen meýdanlara ideg edilişi, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Welaýatda gowaçanyň hasylyny ýokarlandyrmak, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny köpeltmek hem-de piläniň öndürilişini artdyrmak boýunça taýýarlyk işleri barada hem hasabat berildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl göz öňünde tutulýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreler görülýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, azyk üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak, ilaty özümizde öndürilýän azyklyk oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen üpjün etmek boýunça meýilleşdirilen işleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň senagat kärhanalaryny pagta önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, welaýatda gowaçanyň hasylyny ýokarlandyrmagyň hasabyna pagta öndürmek boýunça bellenen meýilnama ýerine ýetirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz geljek ýylda ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ekin meýdanlaryny, tehnikalary we gurallary hem-de zerur bolan tohumlary möwsüme doly taýýarlamak barada görkezmeleri berdi.

Soňra iş maslahatynda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda howa şertlerine laýyklykda, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň ýerine ýetirilýändigi, bugdaýa ideg etmekde oba hojalyk tehnikalarynydyr gurallaryny netijeli işletmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada hasabat berdi.

Geljek ýylda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, häzir ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda gowaçadan boşan meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär, ýerleri möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär, oba hojalyk tehnikalarydyr gurallary abatlanylýar.

Wise-premýer milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça zerur işleriň geçirilýändigi barada aýdyp, welaýatlarda geljek ýylda bu ekinleriň meýdanyny artdyrmak hem-de olaryň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak babatda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk üpjünçiligini berkitmek we geljek ýyl bol hasyl ýetişdirmek üçin welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmegiň möhümdigini nygtady. Bu işde oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli ulanylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda gowaçadan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň alnyp barlyşyna degişli meselä ünsi çekip, geljek ýylyň ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak hem-de möwsüme taýýarlamak işlerine hemmetaraplaýyn guramaçylykly çemeleşmegi tabşyrdy.

Ilaty özümizde öndürilen ýeralma hem-de gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek, olaryň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek zerur diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda ýüpek kärhanalarymyz üçin piläniň öndürilişini artdyrmak boýunça hem zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz sebitlerde Täze ýyl baýramçylygyny ýokary derejede guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Ilki bilen, häkim Aşgabat şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl baýramyny ýokary derejede mynasyp garşylamak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu ugurda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Soňra wise-premýer Ç.Purçekow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, gurluşyk pudagynda möhüm desgalardaky işleriň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň mundan beýläk-de abadanlaşdyrylmagynyň we arassaçylyga degişli kadalaryň berk berjaý edilmeginiň hemişe möhüm talapdygyny nygtamak bilen, bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda abadanlaşdyryş işleriniň çäklerinde gök zolaklary döretmek boýunça wezipeleriň ylmy taýdan esaslandyrylan usulda ýerine ýetirilmelidigini nygtady. Bu işleriň bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barylmagy Aşgabat şäheriniň hemmetaraplaýyn nusgalyk derejede bolmalydygy baradaky wezipeleriň berjaý edilmeginde mynasyp orun eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamagyň we ýokary derejede bellemegiň häzir ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekip, bu babatda birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz 2022-nji ýylyň ýakynlaşyp gelýändigini nygtap, Täze ýyl baýramyny hemmetaraplaýyn guramaçylykly, şowhunly we ýokary derejede geçirmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini aýdyp, bu babatda wise-premýere hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny söwda toplumynyň ýolbaşçylary bilen dowam etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň bazarlarynda haryt üpjünçiligini artdyrmak, ilatyň giň görnüşli harytlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, söwda toplumynyň pudaklarynda geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Soňra söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow milli Liderimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Täze ýylyň öňüsyrasyndaky şu günlerde ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň dürli harytlar bilen bolelin üpjün edilmegi ugrunda görülýän yzygiderli çäreler barada hasabat berdi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, telekeçilik ulgamynda zerur önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksady bilen degişli işleriň dowam etdirilýändigi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, söwda toplumynda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde esasy orunlaryň birini eýeleýändigini belläp, bu ugurda ýerine ýetirilýän wezipeleriň örän ähmiýetlidigini nygtady. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz söwdanyň medeniýetini, halka hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň isleglerini öwrenmek, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyny giňeltmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyryp, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň möçberlerini bolsa azaltmagyň zerurdygy bellenildi.

Milli Liderimiz bu işlerde kiçi we orta telekeçiligiň eýeleýän möhüm ornuny göz öňünde tutup, hususy ulgamda işleri kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini nygtamak bilen, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Täze ýylyň ýetip gelýän günlerinde ýurdumyzyň bazarlarynyň, söwda merkezleriniň harytlar bilen doly üpjün edilişini gazanmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň meseleleriniň üstünde işlemegi dowam etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harytlaryň görnüşini köpeltmek ugrunda alnyp barylýan işlerde, şeýle hem käbir guramaçylyk işlerinde nogsanlyklara ýol berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa hem-de söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek olara soňky gezek duýduryldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny jemläp, onda garalan meseleleriň örän wajypdygyny belledi hem-de Täze ýyly ýokary derejede mynasyp garşylamak baradaky meseleleri ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň, berkarar Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň bähbidine giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.