Ï Babadaýhanlaryň Täze ýyl sowgatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Babadaýhanlaryň Täze ýyl sowgatlary

view-icon 3374
Babadaýhanlaryň Täze ýyl sowgatlary

2021-nji ýylda milli baýlygymyz bolan pagtanyň, esasy azyk önüm bolan bugdaýyň, şeýle hem şalynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý eden ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň tutanýerli zähmeti netijesinde watandaşlarymyzyň Täze ýyl saçaklary esasan, öz topragymyzda önýän, ekologiki taýdan arassa näz – nygmatlar, dürli görnüşli miweler, gök – bakja we beýleki azyk önümleri bilen bezeler. Bu buýsançly hakykaty Berkarar Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Lebap welaýatynyň oba hojalykçylarynyň bu babatda gazanan netijeleri bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.

Welaýat boýunça tamamlanyp barýan ýylda pomidoryň 13 müň 625 tonnasy, soganyň 22 müň 563 tonnasy, kelemiň 4 müň 510 tonnasy, käşiriň ýyl boýunça jemi 16 müň 779 tonnasy, bakja önümleriniň dürli görnüşleriniň 42 müň 41 tonnasy, şonuň bilen birlikde ýeralmanyň ýyl boýunça jemi 32 müň 234 tonnasy öndürilip, bu baradaky döwlet meýilnamalary artygy bilen berjaý edildi. Welaýatda mäş, noýba ýaly ekinleriň hem bol hasylynyň alnandygyny, ýetilen belent sepgitlere garamazdan häzirki wagtda käşiriň hasylyny ýygnamak möwsüminiň dowam ediýändigini belläp geçmek buýsançlydyr.

Öndürilen gök — bakja, miwe önümleriniň, ýeralmanyň bada-bat ýurdumyzyň ak bazarlaryna ugradylmagy, beýleki bir böleginiň bolsa «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigine degişli 2 sany, degişlilikde bir müň we üç müň tonnalyk sygymy bolan döwrebap sowadyjy ammarlarda ýerleşdirilmegi Täze ýyl baýramçylygy günlerinde, şeýle hem ýylyň tutuş dowamynda ildeşlerimiziň saçaklaryny ter we ýokumly azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmeklige ýardam eder.

Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin sogan we sarymsak ekilen meýdanlarda doly gögeriş gazanylyp, bu ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işleriniň alnyp barylýandygyny belläp geçmek hem ýakymlydyr.

Welaýatda gök — bakja we miwe önümleriniň dürli görnüşleriniň hem-de ýeralmanyň bol hasylynyň kemala getirilmegi ähli etraplaryň daýhan birleşiklerinde we kärendeçi hojalyklarynda işleriň guramaçylykly ýola goýulmagynyň, kuwwatly tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanylmagyň, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny durmuşa ornaşdyrylmagynyň, ekinleriň toprak — howa şertlerine gabat gelýän, ýokumlylygy bilen tapawutlanýan we ýokary hasyl berýän görnüşleriniň seçilip alynmagynyň netijeleridir.