Ï Döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmak

view-icon 4637
Döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmak

Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi dolandyryş, durmuş we telekeçilik işlerine sanly tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylmagy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Innowasiýalar we maglumatlar tehnologiýalary häzirki zaman dolandyryşyň möhüm bölegine, täze mümkinçiliklere düşünmek, döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmak bilen baglanşykly wajyp zerurlyga öwrüldi.

Türkmensitanda döwlet dolandyryşyna sanly hyzmatlary we tehnologýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler geçirilýär. Meselem, «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy» we «2021-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasy» durmuşa geçirilýär.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň bilelikde durmuşa geçirýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmak» taslamasynyň çäklerinde döwlet gulluklaryny sanlylaşdyrmak meselesine bagyşlanan okuw-türgenleşigi geçirilýär.

Garyşyk görnüşde geçirilýän bäş günlük seminar sanly ulgama geçmekde we döwlet dolandyrşynyň netijeliligni ýokarlanadyrmakda hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly döwlet hyzmatlaryny etmek babatda Akademiýanyň mugallymlarynyň başarnygyny ýokarlandyrmaga gönükdirlýär.

Seminaryň bilermeni, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, Sankt-Peterburg Döwlet uniwersitetiniň (SpbDU) bölünen reýestrler tehnologiýalary merkeziniň ylmy ýolbaşçysy Wiktor Dostow döwlet pudagyny sanlylaşdyrmagyň umumy ýörelgeleri, döwlet düzümleriniň we täjirçilik pudagynyň sanly gatnaşyklarynyň aýratynlygy bilen tanyşdyrar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmak» taslamasynyň çäklerinde döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň sertifikat maksatnamasy işlenilip taýýarlanylar we ornaşdyrylar hem-de döwlet häkimýetiniň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň sanly ulgama geçmek şertlerinde ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk ýola goýlar. Seminar 2021-nji ýylyň 24-nji dekabryna çenli dowam eder.