Ï Ýaponiýanyň Hökümetinden lukmançylyk enjamlary gelip gowuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaponiýanyň Hökümetinden lukmançylyk enjamlary gelip gowuşdy

view-icon 4346
Ýaponiýanyň Hökümetinden lukmançylyk enjamlary gelip gowuşdy

BMG-niň Taslama boýunça müdürligi (ÝUNOPS) «Türkmenistana lukmançylyk enjamlaryny ibermek arkaly saglygy goraýşy gowulandyrmak» taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyza Ýaponiýanyň Hökümetinden lukmançylyk enjamlarynyň birinji tapgyry gelip gowuşdy.

Çärä Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişeik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň ýolbaşçysy Mohamad Faýazi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili, Awstriýanyň Köpýurtluk edarasynyň ýobaşçysy hanym Freýa won Groote, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Alnan enjamlar Türkmenistanyň lukmançylyk edaralarynda ulanylar. Türkmenistanyň hökümetiniň ýurtda saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak boýunça tagallalaryna ýardam etmek maksady bilen geljekde-de enjamlary ibermek göz öňünde tutulýar.

Saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi satyn alnan enjamlary ýurdumyzyň içine öz wagtynda eltmegi, şeýle hem ulanyjylara kepillikleri bermek, olara hyzmat etmegi we okatmagy üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hereketleri utgaşdyrmagy aňladýar.

Ýaponiýanyň Hökümetiniň şu ýylyň martynda işe girizen taslamasy BMG-niň 2021-2025-nji ýyllarda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Çarçuwaly maksatnamasynyň, ýiti ýokanç keselleriň pandemiýasyna taýýarlygy üpjün etmek boýunça Milli meýilnamanyň we durmuş-ykdysdady taýdan garşy durmak boýunça Meýilnamanyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.

BMG-niň bölümi bolan ÝUNOPS dünýä ýurtlarynyň 80-sinden gowragynda hereket edýär, ol parahatçylyk we howpsuzlyk babatda taslamalary durmuşa geçirýär.