Ï Türkmenistanda Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çäreleri gurnalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çäreleri gurnalar

view-icon 10046
Türkmenistanda Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çäreleri gurnalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çärelerini guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz Wise-premýer Ç.Gylyjowa 25-nji dekabrdan başlap, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwyny guramak, adamlaryň dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar ýaly hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahasyny 50 göterime çenli arzanlatmak tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyzyň şäher awtobuslarynda mugt gatnadylmagyny guramak tabşyryldy.