Ï Kerkiden Aşgabada we Daşoguza
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kerkiden Aşgabada we Daşoguza

view-icon 8341
Kerkiden Aşgabada we Daşoguza

2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Aşgabat bilen Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň halkara howa menziliniň arasynda kadaly howa gatnawy açylar. Bu ugurda (Aşgabat – Kerki – Aşgabat) boýunça 313-314 belgili uçuşlar Boeing-737-700 uçarlarynda hepdäniň duşenbe we şenbe günlerinde amala aşyrylar. Uçuş Aşgabat halkara howa menzilinden ýerli wagt bilen sagat 10.00-a, gaýdyş ugra bolsa – 12.00-a meýilleşdirilýär. Uçuş wagty – bir sagat.

Hepdäniň üçünji günlerinde şol bir kysymly uçar Daşoguzdan Kerki halkara howa menziline kadaly gatnawa başlar. Uçuş wagty Daşoguzdan 13.00, Kerki howa menzilinden bolsa – 15.00.

Kerkide sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek ukyby bolan häzirki zaman howa menzili 2021-nji ýylyň iýun aýynda işe girizildi. Kerki halkara howa menziline dört harply UTAE kodunyň berlendigi barada ICAO-nyň resminamasy we Mýünhen halkara howa menzili tarapyndan berlen halkara ülňülerine laýyklyk kepilnamasy gowşuryldy. Mýünhen halkara howa menzili tarapyndan Halkara raýat uçarçylygy konwensiýasynyň (Çikago Konwensiýasy, 1944) 14-nji goşundysyna laýyklykda Kerki howa menziliniň sertifikasiýalaşdyryş standartlaryna laýyk gelýändigine bellemeli.

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda işe girizilen täze howa menzili häzirki zaman ulag we tranzit infrastrukturasynyň emele gelmeginde möhüm baglaýjy halka bolmalydyr, Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hem söwda hyzmatdaşlygyny täze hil derejesine galdyrmak üçin şert döretmelidir, sebitleýin we halkara ulag akymlaryny has-da sazlaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açar.

Türkmenistan sebitdäki iň möhüm ulag merkezine öwrülmek bilen, iri halkara logistika merkezi bolar. Bu ýurdumyzyň amatly geografik ýerleşişi we wajyp başlangyçlary öňe sürýän hem olary durmuşa geçirmek üçin amaly çäreleri görýän döwlet Baştutanymyzyň ulag syýasatynyň saýasynda yzygiderli durmuşa geçirilýär.