Ï Türkmen alabaýy Kazanda geçirilen itler bäsleşiginde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alabaýy Kazanda geçirilen itler bäsleşiginde

view-icon 5820
Türkmen alabaýy Kazanda geçirilen itler bäsleşiginde

Akdus atly türkmen alabaýy Kazanda geçirilen «Top Dog Tatarystan — 2021» atly itler bäsleşigine gatnaşdy. Akdusyň düşürilen wideosy Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň sosial ulgamdaky sahypasynda ýerleşdirildi.

Wideoşekillerde Akdusyň söweş ukybynyň barlanyşy we itşynas hünärmen bilen aýlaw meýdançasynda ylgaýşy ýaly pursatlar şöhlelendirilipdir.

Alabaýy heniz güjüjekkä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa sowgat berendigini bellemelidiris. Tatarystanyň Lideri alabaýa Akdus adyny dakypdyr, bu tatar dilinden terjime edilende «Ak dost» diýmegi aňladýar.

«Top Dog Tatarstan — 2021» bäsleşigi «Kazan Expo» halkara sergi merkezinde geçirildi we Tatarystan Respublikasynyň Itşynaslar federasiýasy, «Kazan Expo» tarapyndan guraldy.

Çäräniň maksatnamasy Halkara Itşynaslar Federasiýasynyň toparlary boýunça ähli tohuma degişli itleriň gözden geçirilişini, Tatarystan boýunça 2021-nji ýylyň iň gowy itini saýlamagy we Tatarystan Respublikasynyň Itşynaslar Federasiýasynyň öňdebaryjy tohumçylarynyň gatnaşmagynda tohum seljeriş işini öz içine alýar.