Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysynyň telefon arkaly söhbetdeşligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

view-icon 3474

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň Liderleriniň Sankt-Peterburgda geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerine garaldy. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek hem-de geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz şol döwürde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň mejlisini geçirmegiň mümkinçiligini öwrenmegi hem teklip etdi.

Zenanlaryň dialogy görnüşindäki duşuşygyň dünýä syýasatynda özara hereketleriň görnüşi hökmünde BMG-niň derejesinde-de uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň taýýarlanylmagynyň we onda zenanlaryň döwlet we halkara durmuşda işjeňliginiň artmagynda dialogyň ähmiýetiniň beýan edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, oňa berk jan saglygyny hem-de döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.