Ï Ussat heýkeltaraş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ussat heýkeltaraş

view-icon 23891
Ussat heýkeltaraş

Heýkeltaraş Saragt Babaýew 1948-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda dünýä inýär.

1970-1974-nji ýyllarda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň heýkeltaraşlyk bölüminde Baýram Atdaýewiň ussahanasynda, 1974-1980-nji ýyllarda bolsa Moskwanyň W.I. Surikow adyndaky Çeperçilik institutynda okaýar we heýkeltaraşlyk bölüminde Fýodor Baburiniň ussahanasynda bu sungatyň inçe tärlerini ele alýar.

Saragt Babaýew granitden, agaçdan, bürünçden hem-de mermerden ýatda galyjy keşpleri dörediji monumental we stanok heýkeltaraşydyr. Ol dürli žanrlarda işleýär. Onuň portret žanrynda döreden “Ene”, “Türkmen gyzy”, “Ýaş ýigidiň portreti” ýaly işlerinde milli äheňler aýdyň duýulýar.

Ussadyň geçen asyryň togsanynjy ýyllaryndaky döreden portretlerinde wajyp bolan umumylaşdyrmalary gazanýar, şonda bütewi, ynandyryjy, ýiti keşpleri döredýär. Talyp gyz Sonanyň keşbi ýa-da bolmasa, ogly Myradyň, obadaşy Myratgeldiniň psihologik portretleri inçeden işlenipdir.

Onuň “Alty Garlyýew”, “Çary Amangeldiýew”, “Yzzat Gylyjow”, “Babasary Annamyradow” ýaly eserleri ussadyň adatça adamy, onuň akyl we duýgy güýjüniň nähili hem bolsa bir dartgynlylygynda şekillendirmäge ýykgyn edýändigini şöhlelendirýär. Şol bir wagtyň özünde, suratkeş portretde görkezilýän adamlaryň içki güýçlerini we daşky hereketlerini ýörite ösdürip, oňa aýratyn üns berýär. Sebäbi, hut şol aýratynlyklar şekillendirilýäniň häsiýetine gabat gelip, onuň has täsirli ýüze çykmagyna itergi berýär.

“Bagşy Orazgeldi Ylýasowyň hatyrasyna”, “Göç”, “Ejemiň ýatlamasy” atly heýkellerde eserleriň uly bolmadyk gabarasy monumentallygyň ýokary derejesine ýetirilýär.

Ýurduň çeperçilik durmuşyna girişip, täze güýç bilen diňe bir döwletiň çeperçilik mekdeplerinde däl, eýsem, ussahanalarynda hem özüni mugallymçylyk işine berýär. Saragt Babaýew häzirki döwürde ýurduň monumental haşam ýadygärlikleriniň döredilmegine gatnaşyp, gaýtalanmajak döredijilik şahsylygyny erkin ýüze çykarýan zehinli heýkeltaraşlaryň ýaş neslini terbiýeleýär.

Saragt Babaýewiň soňky ýyllaryň içinde döreden has ähmiýetli işleriniň esasy meýilleri geçmişiň akyldarlarynyň, milli gahrymanlarynyň taryhy ýatlamasydyr. Ussat eserlerini döredende, olaryň üst ýüzüniň gözelligini ökdelik bilen paýdalanyp, has janly keşpleri gazanýar. Onuň döreden işleriniň fakturasy hemişe täsirlidir, hemişe ýagtylyk bilen kölegäniň biri-birine garşylykly oýnunda gurlandyr (“Ykbal”, “Asyrlaryň ýaňy”). Olarda göwrümiň umumy gurluşynyň berkligi we monumentallygy göwrüm ýasamanyň kaşaňlygy bilen utgaşýar. Göwrümleriň monolitligi onuň üst ýüzüniň duýgurlygy bilen deň gelýär. Şol bir wagtda, keşpler modeliň içki dünýäsiniň baýlygyny goramak bilen dartgynlygy we romantik bütewiligi gazanýar.

Saragt Babaýewiň döredijilik ylhamy “men” diýen wagtynda. Onuň ýanbermez, täzeligi agtarýan häsiýeti oňa işden elini sowatmaga maý bermän, döwürdeşleriniň aňyna işjeň aralaşmaga mümkinçilik berýän täze çeper serişdeleri gözlemäge iterýär.

Türkmen sungaty äleminde bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, meşhur heýkeltaraş Saragt Babaýew “Watana bolan söýgüsi üçin”, “Gaýrat”, “Magtymguly Pyragy”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” medallary, “Galkynyş” ordeni, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragy bilen sylaglandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry”, “Türkmen bedewiniň iň gowy heýkeli üçin” bäsleşikleriniň birnäçe gezek ýeňijisi, Türkmenistanyň halk suratkeşi diýen hormatly ada eýe boldy.

Gahryman Arkadagymyz ussat halypamyzyň 70 ýaş toýunynyň şanyna ýurdumyzyň çeperçilik sungatyna goşan uly goşandyny nazara alyp, Saragt Babaýewe “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy” diýen hormatly at bilen serpaýlady.