Ï Hemişe ýokary derejede
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hemişe ýokary derejede

view-icon 4147
Hemişe ýokary derejede

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki “Çeper” fabriginiň işgärleri täze ýyly joşgunly zähmet bilen başladylar. Bu kärhana geçen ýyl 17 milliondan gowrak manatlyk önüm öndürip, ýurdumyzyň sarp ediş bazaryny ýokary hilli tikin önümleri bilen üpjün etmäge möhüm goşant goşýan ykdysady taýdan durnukly öndüriji hökmünde abraýa eýe boldy.

Önümçiligiň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy we önümçilikde ýokary öndürijilikli, häzirki zaman ýöriteleşdirilen enjamlaryň ulanylmagy netijesinde kärhana, müşderi islegini göz öňünde tutmak bilen, çykarylýan önümiň hilini gowulandyrmaga, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we önümleri hem-de olaryň görnüşlerini baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Geçen ýyl birnäçe täze önüm işlenip, soňra köpçülikleýin önümçilige üstünlikli girizildi. Olaryň arasynda ýurdumyzda öndürilip, ýokary hilli matalardan tikilen häzirki zaman owadan we kaşaň zenan penjekleri-de bar.

Daşoguzyň “Çeper” fabriginiň senetçileri her ýyl onlarça görnüşli geýim-gejim, ýorgan-düşek we hojalyk dokma önümlerini öndürýärler. Önümçiligiň iň ýokary netijeliligini we düşewüntliligini üpjün etmäge çalyşmak, täze görnüşleriň yzygiderli önsürilip durulmagy ähli tehnologik işlemiň çeýeligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şonuň üçin-de, zähmet guralyşyny has-da kämilleşdirmek arkaly, fabrikde öndürijiligiň ýokarlanmagyň ätiýaçlyklaryny kesgitlemek boýunça yzygiderli iş alnyp barylýar.