mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen futzalçylary Aziýanyň Kubogyny almaga gatnaşmak üçin bäsleşerler

view-icon 3921
Türkmen futzalçylary Aziýanyň Kubogyny almaga gatnaşmak üçin bäsleşerler

2022-nji ýylda Aziýanyň Kubogyny almak ugrunda jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanmagyň bäsleşikleri Gyrgyzystanda geçiriler. Kiçi meýdançada oýnalýan futbol ýaryşlaryna gatnaşjak toparlaryň Merkezi we Günorta zolagynyň bäsleşiklerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary hem çykyş eder.

Bu saýlama tapgyrda türkmen futzalçylarynyň bäsdeşleri Aziýanyň futbol konferederasiýasynyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki merkezi edarasynda 6-njy ýanwarynda geçiriljek bije atyşlygynda kesgitlener. Bu çäräniň öňýanynda Aziýanyň futbol konferederasiýasy bije atyljak sebetleriň düzümini yglan etdi we netijede şolardan iki topar jemlenip, olaryň her biri dört sany futzalçylar ýygyndysyndan ybarat bolar. 

Bijeli sebetleriň doly düzümi şeýledir:

1-nji sebet: Eýran, Özbegistan.

2-nji sebet: Gyrgyzystan, Тäjigistan.

3-nji sebet: Тürkmenistan, Owganystan.

4-nji sebet: Nepal, Mаldiwa.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň milli ýygyndy topary üçünji sebede girizilen Owganystanyň futzalçylary bilen saýlama bäsleşiklerini geçirmez. 

2022-nji ýylda kiçi meýdançada oýnalýan futbol boýunça Aziýanyň Kubogyny almak ugrundaky saýlama turnir 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 1- 15-i aralygynda geçiriler. Ýaryşyň jemleýji tapgyryna her topardan iki sany iň gowy topar gatnaşar. 

2022-nji ýylda Aziýanyň Kubogyny almak ugrundaky jemleýji tapgyr konfederasiýa girýän ýurtlaryň 16 sany iň güýçli ýygyndy toparynyň arasynda Kuweýtde şu ýylyň 25-nji sentýabryndan 20-nji oktýabry aralygynda geçer.