Ï Yzygiderli howa gatnawy amala aşyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Yzygiderli howa gatnawy amala aşyrylýar

view-icon 4842
Yzygiderli howa gatnawy amala aşyrylýar

Täze, 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan Kerkiniň Halkara howa menzilinden yzygiderli howa gatnawy amala aşyrylyp başlandy. Aşgabat şäherinden günüň birinji ýarymynda T5-313 gatnaw belgili uçan uçar bir sagatdan soň Kerkiniň Halkara howa menziline gelip gondy. Biraz wagtdan soňra bolsa, uçar ilkinji ýolagçylar bilen Aşgabat şäherine uçuşy amala aşyrdy. Şeýlelikde, welaýatyň Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli, Köýtendag etraplarynyň ýaşaýjylary Türkmenabat şäherine gelmezden ýurdumyzyň paýtagtyna hem-de Daşoguz şäherine Kerkiniň Halkara howa menzilinden uçmaga mümkinçilik aldylar. Bulardan başga-da täze howa menzilinde daşary döwletleriň Halkara uçuşlary amala aşyrýan uçarlaryna ýangyç guýmak hem-de tehniki hyzmat etmek işleri amala aşyrylýar.

Kerkiniň Halkara howa menzili 2021-nji ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Oňa dört harply UTAE kodunyň berlendigi baradaky ICAO-nyň resminamasy hem-de Mýunheniň Halkara howa menzili tarapyndan Halkara ülňülerine laýyk gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasy gowşuryldy.

ICAO-nyň indeksi howa gullugynyň ýerleşýän ýerini görkezýär, ol bellenilen çäkleriň arasyndaky aragatnaşygy düzgünleşdirýär hem-de aeronawigasiýanyň howpsuzlygyny, yzygiderliligini, netijeliligini hem-de tygşytlylygyny üpjün etmek üçin niýetlenendir.

Iň kämil häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen Kerkiniň Halkara howa menziline gowşurylan Laýyklyk güwänamasy meýilnamalaşdyrmak, taslamalaşdyrmak, olaryň fiziki häsiýetnamalaryna, howa menzilleriniň ulanylmagyna, oňa tehniki taýdan hyzmat etmäge bildirilýän talaplar, şeýle hem peýdalanylýan gonuş, nawigasiýa, meteorologiýa, yşyklandyryş-habar beriş ulgamlarynyň, beýleki zerur ulgamlaryň Halkara kadalaryna we ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýar.