mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Aziýa Kubogyna gatnaşmaga bije çekişligi geçirildi

view-icon 4125
Aziýa Kubogyna gatnaşmaga bije çekişligi geçirildi

Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda geçirilen bije atyşlykda futzal boýunça 12 gezek çempion bolan Eýranyň, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň we Maldiwleriň ýygyndylary Aziýanyň 17-nji çempionatynda Türkmenistanyň bäsdeşleri boldular.

Geografiýa taýdan ýerleşişi boýunça 4 zolaga bölünen 30 ýygyndy topar ýaryşa gatnaşar.

Türkmenistan öz bäsdeşleri bilen «Merkezi we Günorta» zolaga birleşen «A» topara düşdi, onuň duşuşyklary 10-njy we 12-nji aprelde Bişkekde geçiriler. «B» toparda Aziýa Kubogyny 4 gezek eýelän Özbegistanyň topary, Täjigistanyň, Owganystanyň we Nepalyň ýygyndylary bar.

Ýaryşyň final bölegine her topardan güýlüleriň ikisi çykar.

Duşuşyklary Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek Günbatar zolakda «A» toparda – Liwanyň, Saud Arabystanynyň, Palestinanyň, Omanyň; «B» toparda –Yragyň, Bahreýniň, BAE-niň toparlaryndan ybarat bolan 7 ýygyndydan bäşisi final ýaryşa gatnaşar.

Gündogar zolakda 6 ýygyndy: «A» toparda – Ýaponiýanyň (Aziýanyň üç gezek çempiony), Hytaýyň, Mongoliýanyň; «B» toparda –Taýwanyň, Koreýa Respublikasynyň we Gonkongyň ýygyndylardan üçüsi final ýaryşa çykarlar, olaryň duşuşyşmaly ýurdy soňra belli bolar.

Günorta Aziýa ýurtlarynyň çempionatynyň jemi boýunça АСЕАН zolagyndan ýaryşa gatnaşjak üç ýygyndy belli bolar.

2022-nji ýylyň Aziýa Kubogy ugrunda ýaryşyň final böleginde konfederasiýa ýurtlarynyň iň güýçli futzal ýygyndylarynyň 16-sy çykyş eder. Ýaryş 25-nji sentýabrdan 20-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriler.