Ï Ogurjaly adasy – täsinlikler dünýäsi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ogurjaly adasy – täsinlikler dünýäsi

view-icon 25707
Ogurjaly adasy – täsinlikler dünýäsi

Taryhy kökleri asyrlara uzap, gözýetmez giňişlikde salgym atyp, has alyslara ýaýylyp gidýän gojaman Hazar deňzine dahylly gyzykly maglumatlar kän. Onuň goýnundaky täsin adalaryň, geň galdyryjy künjekleriň köplügem Hazaryň baý tebigat dünýäsiniň asyrlara ýaň salýan uzak geçmişinden habar berýär.

Şeýle taryhy ýerleriň biri-de, kenarýaka Türkmenbaşy şäherinden 45 kilometr daşlykda bolup, deňiz içinde ýerleşýär. Hazar deňziniň jümmüşine, onuň günorta--gündogar bölegine özboluşly bezeg berip oturan Ogurjaly adasydyr. Onuň umumy tutýan meýdany dokuz müň gektara golaýdyr. Özi hem demirgazykdan günorta tarapa 40 kilometre çenli uzap gidýär, ini bolsa 1,5-2 kilometrdir. Adanyň merkezi bölegindäki Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň meýdany hem ýedi müň gektara barabardyr.

Gürrüňi edilýän çäkli goraghana häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherindäki Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň düzümine girýär. 1982-nji ýylda açylan goraghana bu ýerde keýikleri köpeltmek maksady bilen döredilipdir. Sebäbi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen keýikleriň sany şol döwürde has azalypdyr hem-de olara ýitip gitmek howpy abanypdyrŞeýle maksat bilen ada Bathyz döwlet tebigy goraghanasyndan keýikleriň 13-si getirilipdir. Şu mahal olaryň sany eýýäm iki müňden geçýär. Goraghananyň ot--iýmlik ätiýaçlygam oňat ýola goýlupdyr. Keýikleriň belli bir bölegini ýurdumyzyň welaýatlaryndaky goraghanalara göçürmek işlerem her ýylda guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle-de täsin adada aga--ýana gezip, erkana ýaýnap ýören keýik sürülerini göreniňde, bu ýerde durmuşa geçirilýän tutumly işleriň, degişli çäreleriň ýerine düşýändigine hasam guwanýarsyň.

Ýeri gelende aýtsak, Ogurjaly adasyna döwlet derejesinde hemişe uly üns--ähmiýet berilýär. Bu ýeriniň ösümlik, haýwanat dünýäsi barha baýlaşýar. Gyşyň sowuk howasynda bu adada howa maýyl, tomsuň jowzaly yssylarynda hem juda salkyn bolýar. Ogurjaly adasynyň tämiz, ýaramly howasy ösümlikleriň ösüşi, olaryň giňden kök ýaýratmagy üçin amatly şertleri döredýär. Hünärmenleriň aýdyşy ýaly, adada olaryň 65 görnüşi bardyr. Täsin adada astragal, peçek, selin, gamyş we ýylgyn has köp duş gelýär. Bellige alnan guşlaryň sany hem 120-den gowrak bolup, olaryň kän görnüşleri ördeklerden, çarlaklardan, çuluklardan, jübtünlerden we käkiliklerden ybaratdyr. Şonuň ýaly-da gyş aýlarynda bu ýere Gazagystandan hem-de Russiýanyň sowuk ýerlerinden guşlaryň ýüzlerçe görnüşleri süri--süri bolup, uçup gelýärler, gyşlaýarlar. Ýaz, güýz pasyllarynda hem guşlar kenar ýakalary bilen goraghananyň Esenguly bölegine tarap köpçülikleýin uçýarlar. Ýalpaklyklarda bolsa gyşyna sakarbalak, gyzyl kelleli we gyzyl çüňkli ördek, ýabany ördek, guw we gyzylinjik duşýar.

Ýerli goraghana işgärleriniň gürrüň bermegine görä, adanyň daş—töwereginde çuňlugy 30--50 metre ýetýän arassa, dury suwly deňizde balyklaryň dürli görnüşleri gabat gelýär. Bu ýerde ýerli endemik we süýdemdirijileriň köp sanly toparynyň Hazarda ýaşaýan ýeke--täk wekili diýlip hasaplanýan Hazar düwleniniň ýataklaram bar. Ol süýji suwdaky düwlenleriň dünýäde bar bolan iki görnüşiniň biri bolmak bilen iň kiçisidir. Onuň uzynlygy ulalanda ortaça 1,5 metre ýetýär. Özboluşly aýratynlyklar, täsinlikler bolsa bu ýeriň tebigatyna, baý ösümlik we haýwanat dünýäsine mahsus zatlardyr.