Ï Kömelek ösdürilip ýetişdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kömelek ösdürilip ýetişdirilýär

view-icon 18451
Kömelek ösdürilip ýetişdirilýär

Ýyladyşhanalary gurmak, olaryň ýylyň dowamynda netijeli işlemeklerini gazanmak baradaky döwletli tagallalar tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem özüniň mynasyp çözgüdini tapýar. Bu ugurda welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Düzmergen ýaýlasynda ýerleşýän ýyladyşhanalarda işler talabalaýyk ýola goýlupdyr. Bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Altyn--Nur Zamany” hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhanalarda kömelekleriň bol we oňat hilli hasyly ösdürilip ýetişdirilýär.

Bu ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän kömelekleriň birnäçe görnüşinden günde 100--150 kilogram hasyl alynýar. Şeýle-de gelin kömeleklerini ýylyň islendik paslynda ösdürip ýetişdirmek üçin bu ýerde Hytaý we Ýaponiýa döwletlerinden alnan iň bir kämil tehnologiýalar ýerlikli peýdalanylýar.

Ekologiýa taýdan arassalygy, ýokumlygy, täsin nygmatlygy bilen tapawutlanýan gelin kömelekleriniň gündelik ýygnalyp duran hasyllary ýurdumyzyň sarp edijilerine terligi bilen ugradylýar.

Hünärmenler alyjylaryň ösen isleglerini hem içgin öwrenýärler. Şeýle bolansoň ýygnalyp alynýan kömelek hasylynyň belli bir möçberi aýna gaplarda könserwirlenen görnüşde taýýarlanylýar. Munuň üçin iň bir kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýörite bölümde terligine ýygnalyp alnan kömelekleriň her sagatda bir müňüsi öndürilýär.

Adamlaryň birbada 50-sini iş orunlary bilen üpjün eden ýyladyşhanalardaky işler juda sazlaşykly guralýar. Ýakyn wagtda hem taýýarlanýan kömelekleri we amatly aýna gaplardaky bereketli kömelek önümlerini daşarky bazarlara çykarmak göz öňünde tutulýar.