Ï Eýranyň milli telewideniýesinde «Doganlyk döwlete syýahat» atly täze film görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eýranyň milli telewideniýesinde «Doganlyk döwlete syýahat» atly täze film görkezildi

view-icon 3573
Eýranyň milli telewideniýesinde «Doganlyk döwlete syýahat» atly täze film görkezildi

Ýakynda Eýranyň IRIB TV3 milli teleýaýlymy YHG-e (Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna) agza-döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçen sammitine we oňa Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň ýolbaşçylygyndaky Eýran wekiliýetiniň gatnaşmagyna bagyşlanan «Doganlyk döwlete syýahat» («سفر به سرزمین خویشاوند») atly täze filmi ilkinji gezek görkezdi.

Geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda YHG-niň sammiti çäginde geçirilýän çäreleri metbugatda ýaýmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň uly toparynyň Aşgabada gelendigini bellemelidiris. Bu sapara «Doganlyk döwlete syýahat» atly filmiň awtory we režissýory, Eýranyň ýaş tanymal filmçisi Mohsen Eslamzade gatnaşdy.

Bu filmde Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky häzirki zaman gatnaşyklarynyň gysgaça taryhy, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mümkinçilikleri we geljegi, Eýranyň Prezidentiniň Aşgabada sapary we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy beýan edilýär, türkmen myhmansöýerligi, şeýle hem Iki ýurduň Prezidentleriň 2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda geçirilen duşuşygy hakynda gürrüň berilýär.

Eýranly režisýoryň täze filminde Aşgabatda YHG-niň sammitiniň çäginde geçirilen Halkara işewürlik forumy, Aşgabadyň binagärlik görnüşi, Türkmen-Eýran syýasy we söwda hem ykdysady gatnaşyklary, Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlyk, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ynsanperwerlik we medeni gatnaşyklar we beýleki temalar beýan edildi.

Bu film üçin Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mehdi Säfäri, Eýranyň Türkmenistandaky Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, Eýran ilçihanasynyň medeniýet boýunça geňeşçisi we Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň başlygy Näwid Räsuli, Eýranyň «Saderat» bankynyň Aşgabat bölüminiň başlygy Soruş Hasani, şeýle hem ýerli pars dili mugallymlary we Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň okuwçylary hem Eýranyň ýokary wezipeli adamlary bilen aýratyn söhbetdeşlik geçirildi. Bularyň hemmesi Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklarda gazanylan üstünlikler we ylalaşyklar hakda gürrüň berýär.

Bu filmiň awtorynyň aýtmagyna görä, türkmen we Eýran halklarynyň taryhda, däp-dessurlarda we medeniýetde köp umumylygy bar, bu bolsa iki halkyň arasyndaky gatnaşyklary has ýakynlaşdyrýar.

43 minutdan gowrak dowam edýän pars dilindäki film Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň noýabr aýynda resmi sapary wagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşandygyny ýatladýar. Hut şu duşuşykda Eýranyň ruhy lideri Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny diňe bir hoşniýetli däl, eýsem «doganlyk gatnaşygy» diýip atlandyrypdy.