mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

2021-nji ýyl türkmen seýsmologlary üçin iň möhüm halkara başlangyçlaryň ýyly boldy

view-icon 3517
2021-nji ýyl türkmen seýsmologlary üçin iň möhüm halkara başlangyçlaryň ýyly boldy

Geçen, 2021-nji ýyl Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň alymlarynyň we inženerleriniň zähmeti bilen baglanyşykly birnäçe möhüm wakalar bilen bellendi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň we goňşy döwletleriň çägindäki seýsmik hadysalara gözegçilik edýän ulgamda 19 sany hemişelik we 22 sany özbaşdak beket bar. «Türkmen hemrasy» ÝGPJ bilen hyzmatdaşlykda türkmen emeli hemrasy arkaly olaryň sekiz sanysy bilen seýsmik hadysalar barada gije-gündiziň dowamynda derhal maglumat bermek üçin aragatnaşyk ýola goýuldy. Netijede, häzirki wagtda seýsmik beketlerden topragyň yrgyldylary baradaky onlaýn maglumatlar göni institutyň dolandyryş otagyna iberilýär. Gelýän maglumatlary işlemegiň tizligini ep-esli artdyrýar we ýer titremesiniň parametrlerini has takyk kesgitlemäge kömek edýär.

2021-nji ýylyň başynda institutyň binalaryny inženerçilik taýdan öwrenmek boýunça Türkmenistanyň hünärmenleri üçin geçirilen iki hepdelik onlaýn okuw institutyň durmuşynda şol ýylyň iň görnükli wakalaryndan biri boldy. BMGÖM bilen Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosfera fizikasy institutynyň bilelikdäki taslamasynyň çäginde geçen bu çäre seýsmik howplara baha bermek, bolup biljek ýertitremelerini öňünden bilmek we degişli çäreleri görmek boýunça Türkmenistanyň milli mümkinçiligini artdyrmaga bagyşlandy. Taslamanyň esasy maksatlaryndan biri Aşgabadyň çägindäki seýsmik howpa baha bermek we karta geçirmekdi.

Belli bir çäkde ýerleşýän ymaratlaryň we desgalaryň inženerçilik barlagynyň esasy wezipesi olaryň tehniki ýagdaýyna seýsmik durnuklylygy nukdaýnazaryndan baha bermekdir. Şunuň bilen baglylykda, bu taslamada binalaryň görnükli durkuna, şol sanda hakyky seýsmik durnuklylygyna-da baha bermek üçin, inženerçilik barlagy göz öňünde tutulýardy. Seýsmik gowşaklyk (“seýsmik durnuklylyk” düşünjesiniň tersi) binalaryň we desgalaryň ýertitremeden ýetjek zeperiň derejesini görkezýän häsiýetnamadyr. Seýsmik depginiň şol bir derejesinde has gowşak binalara has uly zeper ýetýär.

Abzallar bilen işlemek we ölçeg netijelerini gaýtadan işlemek boýunça okuw Germaniýanyň we Gyrgyzystanyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan geçirildi. Üstünlikli onlaýn okuwdan soň diňleýjiler – institutyň hünärmenleri Aşgabatda dürli gatly onlarça binada inženerçilik barlag geçirdiler. Munuň üçin seýsmik yrgyldylary ýazga alýan iň döwrebap enjamlar ulanyldy.

Institut üçin geçen ýylyň ýene bir möhüm wakasy Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosfera fizikasy instituty bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasyndan O. Y. Şmidt adyndaky Ýeriň fizikasy institutynyň arasynda Hyzmatdaşlyk Memorandumynyň wideo baglanyşygy görnüşinde gol çekilmegi boldy. Bu resminama bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde, gözleg tejribesini alyşmakda we seýsmologiýa, häzirki zaman geodinamikasy we geofizikasy pudagynda beýleki çäreleri durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene bir subutnamasy boldy.

2019-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklaýan Karara gol çekdi. Institutyň işgärleri bu maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar, çünki ýurtda gurulýan ähli täze binalar seýsmologik, ekologik we howa şertlerini göz öňünde tutmak bilen bina edilýär.