Ï GDA-nyň wekilleri 2022-nji ýyl meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GDA-nyň wekilleri 2022-nji ýyl meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar

view-icon 7046
GDA-nyň wekilleri 2022-nji ýyl meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar

GDA agza ýurtlaryň Arkalaşygyň esasy we beýleki edaralaryndaky hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşi, özüniň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geçirer. Oňa Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew gatnaşar. Mejlise gatnaşyjylar Gazagystan Respublikasynyň 2022-nji ýylda GDA-da ýolbaşçylyk konsepsiýasy we onuň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreler meýilnamasyny, GDA-nyň daşary işler Ministrler Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibiniň taslamasyny, Hemişelik wekiller Geňeşiniň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşlar.

Gazagystan Respublikasynyň 2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ýolbaşçylyk konsepsiýasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça Komissiýanyň 20-nji ýanwarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan mejlisiniň gün tertibiniň birinji meselesi hökmünde bellenipdir.