Ï «Sekiz aşyk zenan» sahnada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Sekiz aşyk zenan» sahnada

view-icon 6768
«Sekiz aşyk zenan» sahnada

A.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Sekiz aşyk zenan» atly spektaklyň täze nusgasy görkezildi.

Onuň esasynda fransuz dramaturgy Rober Tomanyň detektiw ýordumy bar. Komediýa ilkinji gezek 60 ýyl mundan ozal Parižiň «Eduard VII» teatrynyň sahnasynda görkezilipdi. Şeýle köp wagt geçse-de, onuň wakalary henizem özüne çekiji.

Baýramçylygyň öň ýanynda baýramy bellemek üçin şäheriň çetindäki öýe ýygnanýarlar. Ýöne dabara pajygaly waka sebäpli ýatyrylýar.

Bu waka bilen baglylykda ençeme mesele has ýitileşýär, olarda iň esasysy sekiz zenan hakykatdanam ýeke-täk erkegi söýýärlermi ýa-da göz edýärlermi? Maşgalabaşa näme boldy?- diýen sowallar ýüze çykýar.

Gahrymanlaryň her biri – gyzlary Sýuzon we Katrin (Darýa Selýuminowa bilen Anna Hommadowa), mamasy (Türkmenistanyň at gazanan artisti Swetlana Troiskaýa), onuň uýasy Awgustina (Alina Andronowa), maşgalabaşynyň uýasy Pýeretta (Adelina Nazarowa), hojalykçy zenan Şanel (Anastasiýa Balandina) we hyzmatçy aýal Luiza (Lýubow Ýemelýanowa) jenaýatyň syryny açjak bolýarlar.

Wakanyň gidişinde gahrymanlaryň häsiýeti garaşylmaýan tarapdan açylyp ugraýar. Aktrisalar zenan keşplerini şeýle bir ynandyryjy ýerine ýetirýärler.

Aktýorlaryň ajaýyp oýny we özüne çekiji ýordumy tomaşaçyny spektakla maýyl edýär. Oýnuň saz bezegi we tanslary fransuz komediýasynyň özboluşlylygyny inçelik bilen beýan edýär, munuň üçin oýnuň režisýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Wolkowa aýratyn sag bolsun aýdasyň gelýär.

Aşgabatly tomaşaçylar oýna gowy baha berip, «Berekella!» diýşip, perde ýapylandan soňam el çarpmalaryny dowam etdiler.