mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

view-icon 3973
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we bu düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Ilki bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2021-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukybyny hem-de milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýokary derejeli harby hünärmenleri taýýarlamak hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça hasabat döwründe görlen çäreler barada aýtdy. Hasabatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygy mynasybetli her ýylda geçirilýän dabaraly harby ýörişe ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly maglumatlar hem beýan edildi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunda amala aşyrylýan gözegçilik işlerinde kanunçylygyň berk berjaý edilmegine, ähli düzümlere sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmegine möhüm ähmiýet berildi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berildi.

Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň häzirki zaman tehnikalary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, jenaýatçylyga garşy durmak we jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýangyn howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, degişli düzümlere sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler hakynda aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow polisiýanyň podpolkownigi M.Babagulyýewi Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak, polisiýanyň maýory W.Ataýewi ýurdumyzyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak, şeýle hem polisiýanyň maýory M.Muhammetmyradowy Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine bellemek hakynda Kararlara gol çekdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda sanly ulgamy ornaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylan anyk çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýolbaşçylyk edýän ministrliginde 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we ýurdumyzda döwlet ösüşiniň möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmekde zerur şert bolan parahat hem-de asuda ýagdaýy saklamak maksady bilen durmuşa geçirilen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de Watan goragçylary üçin zerur gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilýän Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň käbir düzümleri boýunça guramaçylyk meselelerine garady we degişli çözgütleri kabul etdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we erkinlikleriniň, kanunylygyň ygtybarly binýadyny üpjün etmek üçin kanunçykaryjylyk işinde döwlet syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak ugrunda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuk taýdan düşünjeliligini we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen anyk işler barada habar berildi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem düzümleýin bölümleriň işine öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde dünýäde emele gelen ýagdaýlara laýyklykda, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň gümrük gözegçiligini döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýmak we şunuň bilen baglylykda, gullugyň işini häzirki ýagdaýa laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleri, gullugyň işgärleriniň netijeli işi üçin döredilýän şertler, olaryň hünär derejesini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow 2021-nji ýylda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Milli Goşunyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşine gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralarda işleriň meýilnamalaýyn esasda alnyp barlandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz goranmak ministrine goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, bu düzümiň ähli ýolbaşçylarynyň we serkerdeleriniň harby-hünär derejesini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde düzgün-nyzamy pugta berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Prokuratura edaralarynyň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guramak, oňa ösen tejribäni we sanly ulgamy ornaşdyrmak, şeýle hem kanunçylygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy möhüm talap bolup durýar.

Ýurdumyzyň içeri işler edaralarynda jenaýatçylyga getirýän ýagdaýlary düýpli seljerip, olaryň sebäpleriniň we şertleriniň ýüze çykarylmagynyň hem-de ony aradan aýyrmagyň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu işleri degişli edaralar bilen utgaşykly alyp barmak babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Kazyýet edaralarynyň kazylarynyň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, kazylaryň häzirki zamanyň ösen tejribesini işjeň öwrenip, kanuny çözgüdiň kabul edilmegi üçin zerur tagallalar edilmelidir. Şunlukda, kazyýet edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak çaltlandyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzda jemgyýetçilik-hukuk tertibiniň berk berjaý edilmegi, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işine täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda milli howpsuzlyk ministrine anyk görkezmeleri berdi.

Serhet goşunlarynda amala aşyrylýan işleriň ýurdumyzyň mukaddes çäkleriniň dost-doganlyk serhedine öwrülmegine gönükdirilmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz serhetçi esgerleriň göwnejaý gulluklary bilen baglanyşykly meseleleriň hemişelik üns merkezinde saklanmalydygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda adalat edaralarynyň işini kämilleşdirmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini we sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak wezipeleriniň möhümdigine ünsi çekip, halkara hukuk boýunça ussat hünärmenleri taýýarlamagyň meselelerini giňden öwrenmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň daşary söwdasynyň, esasan hem azyk harytlarynyň söwdasynyň ýagdaýyny we meýillerini seljermek maksady bilen, Döwlet gümrük gullugynda degişli statistiki maglumatlary talabalaýyk ýöretmek we bular boýunça degişli hasabatlary taýýarlamak babatda gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hemişelik ýaşaýan ýerinden beýleki welaýata wagtlaýyn gidýän raýatlary häkimlikler bilen bilelikde bolýan ýerleri boýunça bellige almak hem-de olara gözegçilik etmek işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin içerki migrasiýa işini has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleri halkara ösen tejribä laýyklykda kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrina esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edilýändigini nygtap, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana gulluk edip, uly üstünlik gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini we döwletimiziň harby gullukçylar barada hemişe alada etjekdigini aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini jemledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.