mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanda ýaýçylyk sporty barada film surata düşürildi

view-icon 3257
Türkmenistanda ýaýçylyk sporty barada film surata düşürildi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti ýurdumyzda we dünýädäki iň möhüm sport wakalaryny beýan edýär. Ýaýlymda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän sport gepleşikleri we türgenler baradaky filmler görkezilýär, bu bolsa diňe bir ýaşlary sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrman, eýsem sport oýunlaryna uly gyzyklanma-da dördýär.

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy her ýyl sportuň dürli görnüşleri barada filmler tomaşaçylara hödürleýär. Ýakynda döredilen täze filmleriň biri-de ýaýçy türgenler barada gürrüň berýän «Mergenlik mekdebi» atly gysga metražly filmdir.

Biziň ýurdumyz üçin ýaý atmak sporty birneme ýaş hem bolsa, barha meşhurlyga eýe bolýan sport görnüşidir. Türkmenistanyň Ýaýçylyk federasiýasy 2015-nji ýylda hasaba alyndy, şondan bäri hem türkmen ýaýçylyk sportunyň häzirki ýyl ýazgysy başlandy. Türgenleriň taýýarlyk derejesi ýylsaýyn ösýär. Şonuň üçin ýetginjekleriň üstünliklerinden täsirlenen teleýaýlym topary göni türgenleşik meýdançasyna ugrady.

– Biz köpden bäri Olimpiýa sporty barada film döretmek isleýärdik, ýaýçylyk bolsa sportuň hut şol görnüşidir. Türgenlerimiziň köpüsi oňat netijeler görkezýär - diýip, filmiň režisýory Hanjar Sopyýew gürrüň berýär.

Telefilmiň ýordumy Aman atly ýigidiň töwereginde ýaýbaňlanýar. Täze başlaýan sportçynyň keşbini ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň aktýory Wepa Hommatberdiýew çagyrylypdyr. Aman her gije şol bir düýşi görýär – nyşana ýaýdan ok atýar. Bir gün öýe gaýdyp barýarka, ýigit hünärmen ýaýçylaryň türgenleşişlerini görýär. Tälimçi, ýigidiň sportuň bu görnüşi bilen gyzyklanýandygyny görüp, ony meýdança çagyrýar. Sport ýaýyny ilkinji gezek eline alan Aman «onlugy» urýar.

Filmdäki wakalar çalt ýaýbaňlanýar, filmiň edebi ýazgysyny ýazan Şirin Mämmetmyradowa tomaşaçylara arzuwa we ykbala ynam serpaý edipdir, sebäbi filmiň ahyrynda Aman Türkmenistanyň çempiony bolýar. Tälimçiniň keşbinde türkmen ýaýçylarynyň hakyky halypasy Wepa Sähedow çykyş edýär. Filmde Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Arçykow bilen aktrisa Gülnar Şükretdinowa-da oýnaýar.

Telefilmiň premýerasy «Türkmenistan Sport» kanalyndan ýaýlyma berildi. Ýöne bu täze film bilen tanyşmaga ýetişmedikler üçin ol ýylyň dowamynda ýene görkeziler. Höweslendiriji we durmuşy tassyklaýan bu film ähli sport söýüjileriniň göwnünden turar.